Sony PlayStation 5 üçin 20-den gowrak täze oýun hödürledi

  • 28.09.2024 21:35
  • 5.8k+

Sony kompaniýasy PlayStation 5 we beýleki enjamlar üçin 20-den gowrak oýun hödürlän uly State of Play tanyşdyryş dabarasyny geçirdi. Täze önümleriň arasynda samuraý boýewiginiň dowamy, ekşen we şuter bar. TmCars bularyň iň gyzyklylary barada gürrüň berýär.

Iň esasy anons tanyşdyrylyşyň ahyrynda bolup geçen bolsa gerek. Sony-niň eýeçiligindäki Sucker Punch Productions studiýasy Ghost of Yōtei-niň başdan geçirmelerini hödürledi. Bu mongollaryň ýapon adasyna çozuşlary baradaky iň meşhur Ghost of Tsushima boýewiginiň dowamydyr.
Oýunda esasy rol Atsu atly bir gyza degişlidir. Taslama barada entek maglumat az. Ghost of Yōtei 2025-nji ýylda satuwa çykarylar. Taslama PlayStation 5 üçin işlenip düzülýär.

Beýleki oýunlaryň arasynda:

  • Monster Hunter Wilds: Ýaponiýanyň Capcom kompaniýasynyň ekşeny. Çykjak senesi – 2025-nji ýylyň 28-nji fewraly. Oýun PlayStation 5-de, Xbox Series X|S-de we PC-de elýeterli bolar.
  • Hell is Us: Rogue Factor studiýasynyň ekşen oýny. Gahryman gylyç, naýza we palta ýaraglaryny ulanýar. Oýunda dünýäni üns bilen öwrenip, düşündirişleri gözläp, beýleki gahrymanlaryň aýdýanlaryna üns bermeli bolarsyňyz. Oýun 2025-nji ýylda PlayStation 5, Xbox Series X|S we PC-de çykar.
  • Metro: Awakening: “Metro 2033”-üň prikwely. 7-nji noýabrda PS VR2 we SteamVR-de çykar.
  • Palworld: ýylyň iň üstünlikli oýunlarynyň biri. Bu oýnuň beýlekiler bilen meňzeşlikleri bolany üçin ýakynda Nintendo kompaniýasy Pocketpair-i awtorlyk hukuklaryny bozmakda aýyplap kazyýet işini açdy. Oýun PlayStation 5-de elýeterlidir.
  • The Lake House: Remedy-niň Alan Wake 2 oýny üçin täze goşundysy. Onuň sýužeti, Koldron kölündäki Federal gözegçilik býurosynyň gözleg merkezinde bolup geçen aýylganç wakalar barada gürrüň berer. Oýnuň relizi oktýabr aýyna meýilleşdirildi.
  • Dragon Age: The Veilguard: BioWare söweş mehanikasyny görkezýän täze oýun treýlerini hödürledi. Oýun 31-nji oktýabrda PlayStation 5, PC we Xbox Series-de çykar.
  • Horizon Zero Dawn Remaster: gadymy dinozawrlara meňzeş robotlaryň ahyrzamandan soňky döwrüniň rolly oýunlary bolan ekşen. 2017-nji ýylda PS4-de çykan oýun, indi PlayStation 5 we PC üçin kämilleşdirildi. Remaster 2024-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda çykar.

11.06.2026 23:54
1.5k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

08.06.2026 16:23
1.9k+

Sony Kratosyň aýaly Feýiň başdangeçirmeleri barada God of War Laufey oýnuny çykarar

Sony kompaniýasy God of War älemine degişli bolan täze God of War Laufey oýnuny resmi ýagdaýda yglan etdi. Bu täze taslamanyň baş gahrymany Kratosyň aýaly we Atreýiň ejesi Feý bolar. Oýun State of Play......

27.05.2026 15:37
1.5k+

Sony Pictures-i anime taslamalary halas etdi

Sony Pictures Entertainment 2026-njy ýylyň 31-nji martynda tamamlanan maliýe ýyly boýunça hasabat berdi. Hasabatda aýdylyşyna görä, bölümiň girdejisi geçen ýylky derejesinde galyp, 9,92 milliard dollar boldy......

07.05.2026 11:00
1.5k+

Sony Tarantinonyň Jango bilen Zorronyň duşuşygy hakyndaky komiksini ekranlaşdyrýar

Sony Pictures kinostudiýasy «Azat edilen Jango» («Джанго освобожденный») we «Zorronyň nykaby» («Маска Зорро») filmleriniň gahrymanlarynyň resmi krossoweri boljak «Jango/Zorro» atly filmiň üstünde işläp başlady....