Disney+ “Tapmaçanyň” spin-off-y boljak “Düýşler studiýasynyň” tizerini hödürledi

  • 28.09.2024 11:52
  • 2k+

Disney+ “Tapmaça” multfilminiň spin-off-y (ýaýbaňlandyrylmasy) boljak täze “Düýşler studiýasy” (Студия сновидений) animasion serialynyň ilkinji tizerini hödürledi. Multfilmiň premýerasy 11-nji dekabrda bolar.

Sýužet iki multfilmiň wakalarynyň arasynda ýaýbaňlanýar we Raýliniň düýşleriniň döredilýän kinostudiýasy barada gürrüň berýär.
Disney+ “Düýşler studiýasynyň” tizeri bilen birlikde Pixar-yň täze “Ýeňmek ýa-da ýeňilmek” (Победить или проиграть) serialynyň ilkinji kadrlaryny hödürledi. Taslamanyň premýerasy 2025-nji ýylyň 19-njy fewralyna meýilleşdirilýär. Serial özüne ynam etmeýän çagalar we olaryň öz-özüni aňlamak ýoly barada gürrüň berýär.

“Bu iki serial Pixar-yň döredijiligini iň gowy ýagdaýda görkezýär. Biz muşdaklaryň “Tapmaça” dünýäsinden täze ajaýyp materiallara köp garaşmaly bolmajakdygyna begenýäris. Dream Productions – bu degişmeleriň we şatlygyň hazynasy, çünki biz onda ilkinji filmiň iň halanýan bölekleriniň birine – Raýliniň düýşleriniň döredilişine has çuňňur aralaşýarys.

Biz “Ýeňmek ýa-da ýeňilmek” studiýamyzy beýik edýän zady hakykatdan görkezýän ilkinji uly serial diýip hasaplaýarys: batyrgaý wakalar, gülki we degişme” – diýip, Pixar-yň baş döredijilik müdiri Pit Dokter teswir berdi.


düýn 20:14
1.8k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......