Syýahatçylar teňňe atmak bilen Ýellouston seýilgähiniň meşhur howzunyň reňkini bozdular

  • 28.09.2024 11:03
  • 11k+

ABŞ-nyň Ýellouston milli seýilgähinde iň meşhur geotermiki çeşmeleriň biri bolan “Morning-Glori-Pul” howzunyň suwy syýahatçylaryň teňňe we zir-zibil taşlamagy netijesinde açyk gök reňkini ýitirdi diýip, New York Post habar berýär.

Ýyllarboýy bu ýere gelýänler seýilgähiň düzgünlerini bozup gelipdirler. Bu bolsa howdanyň hapalanmagyna we temperaturasynyň üýtgemegine getirdi.
Žurnalistleriň berýän maglumatlaryna görä, suwuň sowamagy bakteriýalaryň köpelmegine sebäp bolup, çeşmäniň reňkini üýtgetdi. Ilkibaşda köl çyrmaşygyň  gülüne meňzeýän ýiti gök reňki bilen tapawutlanýardy, çeşmäniň ady hem şondan gelip çykýar.

Seýilgäh kölüň düýbünden ýüzlerçe teňňäni we beýleki zatlary aýryp, ençeme gezek ony arassalamaga synanyşdy. Işgärler howzuň suwuny sordurmak üçin ýörite ýangyn ulaglaryny ulandylar, ýörite torlaryň kömegi bilen çuňlugy 7 metre ýetýän kraterden hapa galyndylary aýyrdylar.
Soňky döwürde syýahatçylaryň howza has seresap çemeleşýändikleri we howdanlara zat zyňmagy seýrekledendikleri bellendi.


düýn 16:40
1.9k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

düýn 12:20
7.5k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
7k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......