“Paddingtonyň başdangeçirmeleri” aýyjygyň 70 ýyllygy mynasybetli dördünji bölüme eýe bolar

  • 27.09.2024 15:09
  • 4.8k+

StudioCanal aýyjyk Paddington baradaky filmiň dördünji bölümini anons etdi, onuň çykmagy 2027-2028-nji ýyllara meýilleşdirilýär. Film çagalar ýazyjysy Maýkl Bond tarapyndan döredilen gahrymanyň 70 ýyllygyna bagyşlanar diýip, studiýanyň ýolbaşçysy Fransuaza Giýonne salgylanyp, The Hollywood Reporter habar berýär.

Şeýle-de, ol žurnalistlere Paddington hakda teleserial çykarmak meýilnamalary barada aýtdy. Sýužet we aktýorlar düzümi barada giňişleýin maglumatlar heniz berilmedi.
Mundan başga-da, 2025-nji ýylyň ahyrynda Londondaky West-End teatrynyň sahnasynda Paddington baradaky mýuzikliň premýerasy bolar. StudioCanal aýyjyga bagyşlanan onlaýn platformany hem işjeň ösdürýär: Londonda sergi guramak, Roblox onlaýn platformasynda oýun çykarmak meýilleşdirilýär.
2024-nji ýylyň noýabr aýynda ekrana franşizanyň üçünji filmi – “Paddington Peruwda” çykar. Onda aýyjyk Amazoniýa tokaýlarynda ýaşaýan gowy görýän daýzasy Lýusini tapmak üçin öz watanyna ugraýar. Paddingtona ýene Ben Uişou ses berdi, ikinji plandaky keşpleri Hýu Bonnewill, Emili Mortimer, Juki Uolters, Jim Brodbent, Oliwiýa Kolman we Antonio Banderas ýerine ýetirdi.


düýn 20:14
1.8k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......