Tim Býorton kino taryhynda iň köp girdeji gazanan 10 režissýoryň hataryna goşuldy

  • 27.09.2024 15:06
  • 6.2k+

Meşhur kinorežissýor we ssenariýaçy Tim Býorton täze “Bitljus Bitljus” filmi dünýä prokatynda 300 mln dollardan gowrak girdeji gazanandan soň, taryhda iň köp girdeji gazanan režissýorlaryň reýtinginde birbada iki setir ýokary galdy.

Häzirki wagtda Býortonyň ähli filmleriniň umumy girdeji ýygymy 4,7 mlrd dollara barabar.
Şol bir wagtyň özünde, režissýoryň karýerasynda iň girdejili film 1 mlrd dollar bilen “Alisa täsinlikler dünýäsinde” bolmagynda galýar.

Taryhda iň köp girdeji gazanan režissýorlaryň ilkinji onlugy:

  1. Stiwen Spilberg — $ 10,7 mlrd;
  2. Jeýms Kemeron — $ 8,7 mlrd;
  3. Doganlar Russo — $ 6,8 mlrd;
  4. Piter Jekson — $ 6,5 mlrd;
  5. Maýkl Beý — $ 6,4 mlrd;
  6. Dewid Ýeýts — $ 6,3 mlrd;
  7. Kristofer Nolan — $ 6 mlrd;
  8. Tim Býorton — $ 4,7 mlrd;
  9. Jeý Jeý Abrams — $ 4,6 mlrd;
  10. Ridli Skott — $ 4,5 mlrd.

düýn 20:14
1.8k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......