Ledi Gaga “Joker: Iki adamlyk telbelik” filminiň üstüni ýetirjek täze “Harlequin” albomyny çykarar

  • 26.09.2024 15:07
  • 6.5k+

Ledi Gaga režissýor Todd Fillipsiň “Joker: Iki adamlyk telbelik” (Джокер: Безумие на двоих) filmine niýetlenen täze “Harlequin” albomynyň çykjakdygyny anons etdi.

Albom 27-nji sentýabrda çykar we “Still Not October”, “Moondust Gets Everywhere”, “No Ducttape No Mission”, “Don't Tell Me What to Wear” we “I'm Ready for My Interview” aýdymlaryny öz içine alýar. Umuman, alboma 13 kompozisiýa goşuldy.
Albomyň daşynda Ledi Gaga duşuň aşagynda ýel berlen gyzyl halas ediş “ýakasy” bilen suratlandyrylan.
“Joker: Iki adamlyk telbelik” filminiň premýerasy 4-nji sentýabrda Wenesiýa kinofestiwalynda boldy. Tankytçylar asyl filmiň dowamyna dürlüçe baha berip, ssenariýalaryň gowşaklygyny we gahrymanlaryň doly açylyp görkezilmändigini bellediler, ýöne aktýorlyk oýnuny we wizual düzüjileri öwdüler.
Filmde Artur Flek kesel bejeriş jaýy Arkhemde bolup, birnäçe kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Sýužet, esasan, Joker (Hoakin Feniksiň ýerine ýetirmeginde) bilen Harli Kwinniň (Ledi Gaga) gatnaşyklarynda gurulýar. “Joker: Iki adamlyk telbelik” filminiň tomaşaçylar üçin premýerasy 4-nji oktýabrda bolar.  


düýn 20:14
1.8k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......