Halkara syýahatçylyk pandemiýadan öňki derejesiniň 96%-ine çenli dikeldi

  • 26.09.2024 13:48
  • 9k+

Halkara syýahatçylyk 2024-nji ýylyň ilkinji ýedi aýynda 2019-njy ýyldaky, pandemiýadan öňki derejesiniň 96%-ine çenli dikeldi. Bu barada UN Tourism guramasyna salgylanyp, “Interfaks” habar berýär.

Ýanwar aýyndan iýul aýy aralygynda 790 mln syýahatçylyk gatnawy amala aşyryldy, bu bolsa 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 11% köpdür. Ýylyň ahyryna çenli halkara gezelençleriň doly dikelmegine garaşylýar.
Ösüşiň esasy şertleri Ýewropa syýahat etmek isleginiň ýokarlanmagy we Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde bazarlaryň açylmagy boldy. Ýewropa 2019-njy ýyldaky syýahatçylaryň 99%-ini, Amerika 97%-ini kabul etdi. Afrika hem pandemiýadan öňki derejesinden 7% köp syýahatçy kabul etdi. Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde syýahatçylaryň pandemiýadan öňki sanynyň 82%-i hasaba alyndy.
Käbir ýurtlar 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende uly ösüş görkezdiler. Mysal üçin, Katar 147%, Albaniýa 93% we Saud Arabystany 73% ýokary görkezijini hasaba aldy.
Syýahatçylykdan gelýän girdeji hem maglumat beren 63 ýurduň 47-sinde pandemiýadan öňki görkezijisine gaýdyp geldi. Albaniýada, Serbiýada we Saud Arabystanynda girdejileriň iň uly ösüşi hasaba alyndy.
Transport bahalarynyň ýokarlanmagy, käbir ýurtlaryň gowşak ykdysadyýeti we howa kataklizmleri bilen bagly kynçylyklara garamazdan, halkara syýahatçylygyň mundan beýläk hem ýokarlanmagyna garaşylýar.


şu gün 16:40
1.5k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

şu gün 12:20
6.4k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
6.8k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
7k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......