Kalmar täzeden dikeldilen 964-nji nesil Porsche 911-i hödürledi: onuň bahasy 450 müň ýewro

  • 26.09.2024 12:50
  • 7.2k+

Daniýanyň Kalmar kompaniýasy 7-97 E-Volt atly 964-nji nesil täze Porsche 911 restomoduny hödürledi. Awtoulag Tesla Model S-den bolan elektrik güýç gurluşy bilen enjamlaşdyrylandyr diýip, 32cars.ru habar berýär.

Awtoulagyň güýç agregaty 450 at güýjüne eýe bolup, ol 4 sekuntdan hem az wagtyň içinde 100 km/s tizlige ýetýär. Ulagyň ýöreýiş ätiýaçlygy 290 km ýetýär we 63 kWt/s batareýasy balansy saklamak üçin elektromobiliň öňki we yzky bölekleriniň arasynda bölünendir. Zerur bolan ýagdaýynda awtoulagy asyl içinden ýandyrylýan hereketlendirijili konfigurasiýasyna gaýtaryp bolýar.
Kompaniýa awtoulagyň agramyny azaltmak üçin zygyr esasly kompozit materialdan ýasalan kuzow elementlerini öz içine alýan 964-nji nesliň asyl aýratynlyklaryny saklady. Awtoulagyň agramy 1360 kg.
Elektromobil LED faralary, Apple CarPlay goldawy, howa gözegçilik etmek we sürüjä kömek etmek ulgamlary bilen enjamlaşdyrylandyr.
Elektromobiliň bahasy 450 müň ýewrodan başlaýar.


19.06.2026 09:17
1.3k+

Sesli dolandyryş we mehanika öýkünmesi: täze Porsche Taycan nähili boldy

Porsche kompaniýasy 2027-nji model ýylynyň Taycan elektrik sportkarynyň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy....

29.05.2026 11:37
3k+

Porsche islegiň pese gaçmagy sebäpli batareýaly elektrik Taycan awtoulagynyň önümçiligini togtatmaga mejbur boldy

Porsche kompaniýasy dilerleriň köne önümler satylýança täze sargytlary kabul etmek islemeýänligi sebäpli, Suffenhauzen zawodynda elektrik Taycan awtoulagynyň önümçiligini 8-nji iýuna çenli wagtlaýyn togtatdy....

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......

13.05.2026 23:24
3.2k+

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......