Ridli Skottuň “Gladiator 2” filminiň täze treýleri çykdy

  • 26.09.2024 09:41
  • 6.9k+

Paramount Pictures kinokompaniýasy “Gladiator 2” filminiň ikinji treýlerini çykardy. Golliwudyň iň meşhur peplum žanrly filmleriniň biriniň dowamy Ýewropada 15-nji noýabrda, ABŞ-da bolsa bir hepde soň, 22-sine prokata çykar.

Täze film birinji bölümdäki wakalardan 25 ýyl soň bolup geçen wakalar barada gürrüň berýär. Film baş keşbi Rassel Krouwyň ýerine ýetirmegindäki asyl film bilen baglanyşykly bolup, täze gladiatoryň döremegi barada gürrüň berer.
Filmde baş keşpleri Pol Meskal (“Güneşim”, Солнце моё), Pedro Paskal (The Last of Us), Denzel Waşington (“Gahar”, Гнев) we Jozef Kuinn (“Ümsüm ýer: Birinji gün”, Тихое место: День первый) ýerine ýetirdi. Birinji filmdäki rollaryna Konni Nilsen (Lusilla) we Derek Jeýkobi (senator Grakh) gaýdyp geldi.


düýn 20:14
1.9k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......