2-nji oktýabrda halkalaýyn Gün tutulma hadysasy bolar

  • 26.09.2024 09:31
  • 9.3k+

2-nji oktýabrda şu ýylyň dowamynda ikinji gezek Gün tutulma hadysasy bolar diýip, Baku döwlet uniwersitetiniň fizika fakultetiniň astrofizika kafedrasy habar berýär.

Bu gezek, Aý Ýerden adatdakysyndan has uzakda bolup, Günüň tegeleginden has kiçi bolar. Netijede, ol Güni doly ýapyp bilmän, daşyndan ýagty halkany emele getirer. Bu seýrek astronomiki hadysa halkalaýyn Gün tutulmasy diýilýär.
Gün tutulmasy 2-nji oktýabrda Aşgabat wagty bilen sagat 20:42:47-de başlar we 3-nji oktýabrda sagat 02:46:47-de tamamlanar. Gün tutulmasynyň ýokary çägi sagat 23:44:51-e gabat geler.
Doly tutulma 2-nji oktýabrda sagat 21:50:24-de başlap, 3-nji oktýabrda 01:39:04-de tamamlanar. Ol 3 sagat 48 minut 40 sekunt dowam eder.
Halkalaýyn Gün tutulmasyna Çilide we Argentinanyň günortasynda syn edip bolar. Bölekleýin Gün tutulmasyny Demirgazyk Amerikanyň günortasynda, Günorta Amerikanyň köp böleginde, Ýuwaş we Atlantik ummanlaryndan we Antarktidada görüp bolar.


22.03.2026 16:34
4.1k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
5.5k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...

16.03.2026 16:46
8.2k+

Tebigat Ýer şarynyň badyny gowşadýar: gije-gündiziň dowamlylygy uzalýar

Howanyň üýtgemegi Ýeriň aýlanma tizligine täsir edýär we gije-gündiziň dowamlylygynyň artmagyna getirýär. Şeýle netijäni Wena uniwersitetiniň we Sýurih tehnologik institutynyň alymlary öňe sürýär. Olaryň berýän maglumatlaryna görä, häzirki wagtda gije-gündiz her ýüz ýylda, takmynan, 1,33 millisekunt uzalýar...

09.03.2026 14:06
12k+

Germaniýada asmandan inen meteorit ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi

Germaniýanyň günbataryndaky Reýnland-Pfalz federal ýerindäki Koblens şäherinde 8-nji mart güni agşam asmandan düşen meteorit bölegi ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi. Koblens polisiýasynyň berýän maglumatyna görä, Gýuls raýonynda sagat 19:00 töweregi kömürleşen asman jisimi jaýyň üçeklerini deşip geçdi...