SpaceX eýýäm iki ýyldan bäş sany pilotsyz kosmiki gämisini Marsa iberer

  • 25.09.2024 19:19
  • 4.4k+

Ilon Maskyň SpaceX kompaniýasy ýene iki ýyldan Marsa bäş sany pilotsyz Starship kosmos missiýasyny uçurmagy meýilleşdirýär. Bu barada Mask öz sosial ulgamyndaky (öňki Twitter) sahypasynda habar berdi.

RBK-nyň belleýşi ýaly, bu missiýalaryň üstünlikli bolmagy ekipažyň Gyzyl Planeta iberjek wagtyna täsir eder.
Eger synaglar üstünlikli geçse, Marsa ýene dört ýyldan adam uçurylyp bilner. Mesele ýüze çyksa bolsa, uçuş iki ýyl yza süýşüriler. Mask ozal Starship-iň Marsa ýene iki ýyldan, Ýer bilen Marsyň arasyndaky indiki transfer penjiresi açylanda uçuryljakdygyny mälim edipdi.
Şeýle hem, Mask onýyllygyň ahyryna çenli Starship-i Aýa ýük we adam äkitmekde, soňra bolsa Marsa gämi ibermekde ulanmagy meýilleşdirýändigini aýdypdy.
Şol bir wagtda, NASA Aýa uçmak we gonmak boýunça Artemis II we Artemis III missiýalarynyň möhletini 2026-njy ýylyň sentýabryna çenli yza süýşürdi. Deslap uçuşlar 2025-nji ýylyň ahyryna meýilleşdirilipdi.


23.05.2026 15:01
3.6k+

SpaceX adamzat taryhynda iň uly raketa bolan Starship-i üstünlikli uçurdy

SpaceX amerikan kompaniýasynyň geljekde Aýa we Marsa uçuşlar üçin niýetlenen, Super Heavy V3 göteriji raketasy bolan Starship super-agyr kosmos ulgamynyň synag uçuşyny üstünlikli amala aşyrdy. Uçuş 22-nji......

22.05.2026 08:14
3.2k+

Maýadarlara kosmos galyndylarynyň senagat üçin howp bolup durýandygy barada duýduryş berdiler

Secure World Foundation halkara guramasy maýadarlary kosmos senagatynyň ösmeginiň we orbitada galyndylaryň köpelmeginiň fonunda, kosmos operasiýalarynyň durnuklylygyny girdejililigiň esasy faktory hökmünde göz......

19.05.2026 23:21
2.4k+

Adamyň Aýa gonmagy yza süýşürilýär: Aýa uçmaga derek – Ýeriň orbitasynda türgenleşik geçiler

NASA Artemis III adam dolandyryşly missiýasynyň maksatnamasyna takyklama girizdi: Aýa uçup, oňa gonmagyň deregine, ekspedisiýa Ýeriň pes orbitasynda amala aşyrylar. Bu uçuş geljekde Aýyň ýüzüne gonmak üçin......

15.05.2026 12:36
2.7k+

NASA Jeff Bezosyň 51 müň hemraly «Blue Origin» taslamasyna garşy çykdy

NASA 500-den 1800 kilometr aralygyndaky belentliklere 51 600 sany hemrany uçurmagy göz öňünde tutýan Blue Origin kompaniýasynyň «Sunrise» taslamasyna garşy ABŞ-nyň Federal aragatnaşyk komissiýasyna närazlyk......