Ilon Mask Twitteriň öňki işgäriniň arzasy boýunça açylan kazyýet işinde ýeňildi

  • 25.09.2024 14:46
  • 9.4k+

X-iň (öňki Twitter) eýesi Ilon Mask kompaniýanyň öňki işgäriniň 2022-nji ýylda köpçülikleýin işden boşadylmalardan soň iş hakyny talap edip ýazan arzasy esasynda açylan kazyýet işinde ýeňildi diýip, Bloomberg habar berýär.

Kazyýet arzaçynyň peýdasyna karar çykardy. Aklawjy Şennon Liss-Riordanyň sözlerine görä, arzaçy "işden çykyş kömek pulunyň doly bukjasyny alar".
Şeýle karar şuňa meňzeş kazyýet işleriniň seredilmegine ýol açyp biler. Sebäbi Liss-Riordan ýene-de 15 sany şuňa meňzeş talap arzasynyň kazyýet diňlenişigindedigini belläp, ýakyn aýlarda olaryň kanagatlanarly çözgüt tapmagyna garaşylýar. Aklawjy Twitter/X-iň öňki işgärleriniň ählisiniň meselesini çözmek babatda gepleşik geçirmäge taýýar boljakdygyna umyt bildirdi.
Kompaniýanyň öňki işgärleriniň takmynan 2,2 müň sanysynyň işden çykarylandan soň degişli tölegiň tölenmändigi sebäpli Maska garşy kazyýete ýüz tutandyklary bellendi. ABŞ-nyň dört senatory milliardere hat ýollady. Onda işgärleriň azaldylmagyndan we täze taslamalaryň çalt amala aşyrylmasyndan soň, bolup biläýjek kanun bozulmalara üns çekilip, munuň kompaniýanyň borçlarynyň ýerine ýetirilişine täsir edip biljekdigi görkezilýär.
Twitteri 2022-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda 44 milliard dollara satyn alandan soň, Mask işgärleriň sanyny 7,5 müňden takmynan 2 müň adama çenli azaldyp, köpçülikleýin işden çykarypdy.


11.03.2026 20:11
9.6k+

Forbes dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyny täzeledi: baýlar baýamagyny dowam etdirýär

«Forbes» neşiri dünýäniň iň baý adamlarynyň ýyllyk sanawyny hödürledi. Täzelenen reýtingde birinji orny yzygider ikinji ýyl telekeçi Ilon Mask eýeledi. «Tesla» we «SpaceX» kompaniýalarynyň esaslandyryjysy hem-de «X» sosial ulgamynyň eýesi bolan Maskyň kapitaly 839 milliard dollara ýetdi...

05.03.2026 23:37
2.2k+

Ilon Maskyň emeli aň guraly indi wideolary 30 sekunda çenli uzaldyp bilýär

Ilon Mask wideolary döretmek mümkinçiliklerini has-da giňeldýän "Grok Imagine" hyzmatynyň täzelenmesini tassyklady. Ol X platformasyndaky @XFreeze ulanyjysynyň "Frame Extend" funksiýasyna bagyşlanan habaryny paýlaşmak arkaly bu täzeligi tassyklady...

04.03.2026 16:52
1.9k+

X-de ulanyjy işjeňliginiň rekordy hasaba alyndy: 2-nji martda ol iň ýokary derejesine ýetdi

X sosial ulgamy (öňki Twitter) ulanyjylaryň gündelik işjeňligi boýunça täze rekord goýdy. 2026-njy ýylyň 2-nji martynda bu hyzmat özüniň bütin taryhyndaky iň ýokary işjeňlik derejesini görkezdi. Mundan öň, 1-nji martda, hyzmatyň ýolbaşçylarynyň biri Nikita Bir (Nikita Bier): «Şu gün — taryhdaky iň uly gün» diýip mälim etdi...

03.03.2026 23:28
6.8k+

2026-njy ýylda dünýäde iň köp girilen 20 saýt

2026-njy ýylda global internet trafikiniň esasy bölegi henizem az sanly iri platformalarda jemlenmeginde galýar. Olar ulanyjylaryň nähili maglumat gözleýşini, wideolary görşüni, aragatnaşyk saklaýşyny we internetde söwda edişini kesgitleýär...