Hindistanda gymmat bahaly Swarovski kristallary bolan özboluşly BMW X7 hödürlendi

  • 25.09.2024 13:47
  • 10k+

 

BMW hindi bazaryna özüniň flagman krossoweriniň özboluşly X7 Signature Edition wersiýasyny hödürledi. XDrive40i M Sport modeli esasynda döredilen bu awtoulag, Çennaý zawodynda öndürilýär we diňe benzinde işleýär. Täze önümiň bahasy takmynan 159 müň dollar.

X7 Signature Edition täsirli ululygy we kaşaň dizaýny bilen tapawutlanýar. Awtoulagda hrom äheňli radiator gözenegi we Swarovski elementleri bolan kristal faralary bar.
Kapotyň aşagynda 381 at güýjüni öndürýän 3.0 litrlik benzin hereketlendirijisi we 12 at güýjüni goşýan 48 woltlyk elektrik hereketlendiriji bar. Awtoulag sekiz basgançakly Steptronic geçirijisi bilen 5,8 sekuntda 100 km/s tizlige ýetýär.
Awtoulagyň içerki dizaýnynda rahatlyga aýratyn üns berilýär. Esasy aýratynlyklary egri ekrany, panoramik Sky Lounge üçegini, arka ýassykly kapitan oturgyçlaryny we premium Harman Kardon ses ulgamyny öz içine alýar.

 


18.06.2026 10:58
3.9k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......

01.06.2026 10:57
3.3k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

28.05.2026 12:32
3.8k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......