«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» taslamasynyň täze möwsümine gatnaşmak üçin 800-den gowrak okuwçy bäsleşdi

  • 24.09.2024 14:24
  • 4.1k+

21-nji sentýabrda Türkmenistanyň ähli künjeklerinden orta mekdepleriniň 10-njy, 11-nji we 12-nji synplaryň okuwçylarynyň gatnaşmagynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly intellektual taslamasynyň IV möwsümine gatnaşmak hukugyna eýe bolmak onlaýn arkaly saýlama-synag tapgyry geçirildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Ýaş diplomatlar mekdebi tarapyndan guralan saýlama-synag tapgyryna 800-den gowrak okuwçy gatnaşdy. Synag mekdep maksatnamasynyň Türkmenistanyň taryhy, bütindünýä taryh, Türkmenistanyň medeni mirasy, dünýä medeniýeti, iňlis dili, rus dili ýaly dersleri boýunça taýýarlanylan ýazuw arkaly sowallaryň 100-sini özünde jemledi. Mundan başga-da, test-sowallaryň üsti bilen okuwçylaryň intellekt görkezijisiniň (IQ) derejesine hem-de logiki pikirlenip bilişlerine baha berildi.

Taslamanyň täze möwsümi «Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilik diplomatiýasy: netijeli hyzmatdaşlygyň we durnukly ösüşiň ygtybarly guraly» diýen umumy şygar astynda geçer.
Synag tapgyrynda iň gowy netijeleri görkezen okuwçylaryň 64-si bäsleşigiň IV tapgyryna gatnaşmaga hukuk alarlar. Synagyň netijeleri Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň saýtynda yglan ediler, şol saýtda hem bäsleşige gatnaşyjylar üçin bäsleşik barada hemme maglumatlar ýerleşdiriler.


01.06.2026 17:06
2.9k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9.1k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.8k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......

21.05.2026 17:50
2.3k+

Türkmenistan we OpenAI bilim ulgamynda emeli aňy ornaşdyrmak barada maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri Londonda geçirilen «Education World Forum 2026» Bütindünýä bilim forumynyň çäginde OpenAI kompaniýasynyň wekilleri bilen iş duşuşygyny geçirdi. Taraplar bilim......