Ridli Skott “Gladiator 3” filmini surata düşürmegi meýilleşdirýändigini yglan etdi

  • 24.09.2024 13:20
  • 4.9k+

Režissýor Ridli Skott “Gladiator 3-iň” üstünde işlenip başlanandygyny habar berdi. Premiere neşiri bilen bolan söhbetdeşlikde ol “Gladiator 2” çykandan soň, gahrymany “Çokundyran atanyň” (“Крёстного отец”) soňlamasyna meňzeş kyn ýagdaýda galdyrjak wakany dowam etdirmek barada pikir edýändigini aýtdy.

"Men eýýäm “Gladiator 3-iň” ideýasy barada oýlanýaryn ... “Gladiator 2-niň” soňlamasy “Çokundyran atanyň” (“Крёстного отец”) soňuny ýatladýar. Şol ýerde Maýkl Korleone halamaýan işinde işläp başlaýar we “Kaka, men indi näme etmeli?” diýip soraýar. Şeýlelik bilen, indiki film [“Gladiatoryň” üçünji bölümi] islemeýän ýerine düşen adam hakda gürrüň berer " – diýip, filmi goýujy gürrüň berdi.

“Gladiator 2-niň” wakalary asyl filmden 25 ýyl geçensoň ýaýbaňlanýar we gladiatorlaryň täze nesli hakda gürrüň berýär.
Filmde Pol Meskal, Pedro Paskal, Denzel Waşington we Jozef Kuin oýnadylar.
Filmiň ilkinji görkezilişini 15-nji noýabrda Ýewropada we 22-nji noýabrda ABŞ-da geçirmek meýilleşdirilýär.


düýn 20:14
1.9k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......