Beýik Britaniýada aýagy döwülen nosoroga ilkinji gezek operasiýa edildi

  • 24.09.2024 10:38
  • 16k+

Beýik Britaniýanyň weterinar lukmanlarynyň topary günorta ak nosorogynyň döwük aýagyny bejermek boýunça dünýädäki ilkinji operasiýany üstünlikli geçirdi diýip, ABC News habar berýär.

Angliýanyň Preskot şäheriniň golaýyndaky Nousli Safari seýilgähinde ýaşaýan iki ýaşly nosorog Amara şu ýylyň başynda agsaklamaga başlapdyr. Hünärmenler onuň öňki sag aýagynyň süňküniň döwülendigini anykladylar, bu bolsa gyssagly lukmançylyk kömegini talap edýärdi.

Operasiýa, takmynan, bäş sagat dowam etdi. Oňa hirurglar, anesteziologlar we safari seýilgähiniň işgärleri ýaly 10-dan gowrak hünärmen gatnaşdy.
Operasiýadan soň Amaranyň aýagyna gips goýuldy. Haýwanyň ýagdaýy durnukly we gipsi maý aýynda aýyrmak meýilleşdirilýär.
Bu operasiýa weterinariýa tejribesinde özboluşly waka boldy we hünärmenler toplanan tejribäniň geljekde peýdaly boljakdygyna umyt edýärler.
Günorta ak nosorogy Günorta Afrikada seýrek duş gelýän görnüşdir. Bu görnüşe brakonýerler sebäpli ýitip gitmek howpy abanýar.


düýn 19:18
1.9k+

Ed Şiran gyzlary bilen wagt geçirmek üçin sahnadan gidýär

Meşhur 35 ýaşly britaniýaly aýdymçy Ed Şiran aýdym-saz işini wagtlaýyn bes etmek isleýändigini aýtdy. Artist bu barada häzirki wagtda dowam edýän LOOP gastrolynyň çäklerinde Glendeýlde (Arizona ştaty) bolan......

16.06.2026 23:19
2.2k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

16.05.2026 22:44
6.3k+

Dewid Bekhem ilkinji britaniýaly milliarder türgen boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Beýik Britaniýadan bolan ilkinji milliarder türgen diýlip ykrar edildi. Bu barada «The Times» neşiri ýazýar....

11.05.2026 15:25
1.6k+

«Ýetginjeklik döwri» mini-serialy BAFTA TV 2026 baýragynyň 4-üsini aldy

Londonda «Emmi» baýragynyň Britaniýadaky meňzeşi bolan BAFTA TV Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýesi «Ýetginjeklik döwri» mini-serialy boldy – bu serial birbada dört sany......