Jonni Depp durmuşda gazananlary üçin Rim kinofestiwalynda baýrak alar

  • 23.09.2024 12:13
  • 5.2k+

Aktýor Jonni Depp durmuşda ýeten üstünlikleri üçin Rim kinofestiwalynda baýraga mynasyp bolar. Sylaglama dabarasy oktýabr aýynda, režissýor Frensis Ford Koppola we aktýor Wiggo Mortensene şeýle baýraklaryň gowşurylyşy bilen bir wagtda bolar diýip, Independent neşiri habar berdi.

“Karib deňziniň garakçylary” (Пираты Карибского моря) franşizasyndaky rollary bilen belli bolan aktýor festiwalda özüniň “Modi” atly täze režissýorlyk işini hödürlär. Film Birinji jahan urşy döwründe suratkeş Amedeo Modilýaniniň durmuşyndan 48 sagat barada gürrüň berýär.
Frensis Ford Koppola Italiýa täze “Megalopolis” filmini getirer, Wiggo Mortensen bolsa “Merhumlar yza bermeýär” (Мертвые не причиняют боли) westernini hödürlär, bu filmde ol diňe bir aktýor hökmünde däl, eýsem režissýor, ssenariýaçy we prodýuser hökmünde çykyş etdi.
Rim kinofestiwaly 2006-njy ýyldan bäri her ýyl abraýly Wenesiýa we Turin festiwallarynyň aralygynda geçirilýän çäredir. Ol 2024-nji ýylda 16-njy oktýabrdan 27-nji oktýabr aralygynda geçer.


düýn 20:14
1.9k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......