Holand «Mançester Siti» üçin 105 oýunda 100 gol geçirip, Ronaldunyň rekordyny gaýtalady

  • 23.09.2024 12:02
  • 10k+

"Mançester Sitiniň" 24 ýaşly norwegiýaly hüjümçisi Erling Holand kluby oýnan üçin 105-nji duşuşygynda 100-nji goluny geçirdi. Holand ýubileý goluny Premýer-liganyň 5-nji tapgyr duşuşygynda, Mançester şäherinde "Etihad" stadionynda "Arsenala" garşy duşuşykda geçirdi. Duşuşyk 2:2 hasabynda tamamlandy.

Holand "Sitiniň" düzümine 2022-nji ýylyň iýulynda geçdi. Norwegiýaly futbolçy Ýewropanyň Top-5 ligasynda 100 goly iň gysga wagtda geçirmekde Kriştianu Ronaldunyň rekordyny gaýtalady. Portugaliýaly ýyldyz oýunçy Madridiň "Realynda" oýnaýan wagty 105 oýunda 100 gol geçiripdi.


şu gün 10:24
3.2k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
2.6k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
7.9k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
5.1k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......