Hindistan Bütindünýä küşt olimpiadasynda erkekleriň we zenanlaryň arasyndaky ýaryşlarda ýeňiş gazandy

  • 23.09.2024 11:45
  • 4.2k+

Hindistan Wengriýanyň paýtagty Budapeştde geçirilen Bütindünýä küşt olimpiadasynda erkekleriň we zenanlaryň arasyndaky ýaryşlarda altyn medal gazandy diýip, RIA Nowosti habar berýär.

Gukeş Dommarajudan, Rameşbabu Pragnanandhadan, Arjun Erigaýsiden, Widit Santoş Gujratiden we Pentala Harikrişnadan ybarat erkekler ýygyndysy 11 oýunda 21 utuk gazanyp, amerikan ýygyndysyny (17 utuk) we Özbegistanyň toparyny (17 utuk) yzda galdyrdy.
Harika Dronawalliden, Rameşbabu Waýşaliden, Diwi Deşmukhdan, Wantika Agrawaldan we Tani Saçdewden ybarat zenanlar ýygyndysy hem 19 utuk gazanyp, ýeňiji boldy. Ikinji orny gazagystanly küştçüler (18 utuk), üçünji orny amerikaly küştçüler (17 utuk) eýeledi.
Ýaryşlar 10-njy sentýabrdan 23-nji sentýabr aralygynda geçirildi.


03.06.2026 15:11
16k+

Hindistanda Messiniň ägirt uly heýkeli söküldi

Hindistanyň Kolkota şäherinde (öňki Kalkutta) hünärmenler tarapyndan howply diýlip ykrar edilenden soň, Lionel Messiniň 21 metrlik heýkeli söküldi. Bu barada "Asian News International" agentligi "X" sosial......

14.05.2026 15:38
2.5k+

Gandinagarda geçirilýän Aziýa çempionaty — 2026-da alty türkmen ştangaçysy çykyş eder

Hindistanyň Gandinagar şäherinde başlan agyr atletika boýunça Aziýa çempionaty — 2026-da Türkmenistana alty sany türgen wekilçilik eder....

19.04.2026 18:54
1.8k+

Karlos Alkaras Hindistanyň Infosys IT-kompaniýasynyň global ilçisi boldy

Hindistanyň Infosys IT-kompaniýasy dünýäniň ikinji raketkasy, ispan tennisçisi Karlos Alkaras bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygy yglan etdi. Ylalaşygyň şertlerine görä, 22 ýaşly türgen brendiň global ilçisi bolar....

19.12.2025 09:16
16k+

Messä Hindistanda 1,1 mln dollarlyk seýrek sagat sowgat berildi: dünýäde olar bary-ýogy 12 sany

«Inter Maýami» futbol klubunyň argentinaly hüjümçisi Lionel Messi Hindistana eden sapary wagtynda bahasy 1,1 mln dollardan gowrak bolan eksklýuziw Richard Mille RM 003-V2 GMT Tourbillon 'Asia Edition' sagadyny sowgat aldy...