Ford täze ulaglaryny karaoke ulgamy bilen enjamlaşdyrýar. Aýdymlar 36 dilde elýeterli

  • 23.09.2024 10:33
  • 7.6k+

Ford kompaniýasy awtoulaglarynyň täze modellerini Stingray Karaoke ulgamy bilen enjamlaşdyrmagy meýilleşdirýändigini yglan etdi. Ilki bilen, ol F-150 Lightning pikapy we elektrikli Mustang Mach-E üçin elýeterli bolar diýip, “Çempionat” portaly habar berýär.

Ulgam 36 dildäki, şol sanda rus dilindäki tekstli, dürli nesilleriň diňleýjileri üçin niýetlenen, dürli žanrdaky aýdymlaryň birgidenini hödürleýär.
Ulgam QR-kody skanirlemek arkaly smartfondan dolandyrylýar. Ulanyjylar kitaphana goşmaça aýdym goşup bilerler.
Ford-yň, has göwnejaý mahabaty görkezmek üçin, sürüji bilen ýolagçylaryň arasyndaky gepleşikleri diňleýän ulgamy hasaba aldyrmak üçin ýüz tutandygy owaldan mälimdi. Şeýle-de bolsa, bu ulgam awtoulaglarda ulanyljakmy ýa-da patent üçin berlen arza intellektual eýeçiligi goramaklyga synanyşykmy, entek belli däl.


19.06.2026 19:45
1.9k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

05.06.2026 15:49
4.7k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 17:27
3.3k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

09.05.2026 09:12
2.2k+

Ford Mustang Cobra Jet 2200 elektromobilleriň tizlik rekordyny täzeledi

Ford Motor Company tarapyndan öndürilen Ford Mustang Cobra Jet 2200 drag-reýsing ýaryşlarynda elektrik awtoulaglarynyň arasynda täze dünýä rekordyny goýdy....