Robert Rodriges CBS üçin “Zorro” serialyny surata düşürer

  • 22.09.2024 23:04
  • 3.3k+

“Gün batandan dogýança” (От заката до рассвета) we “Günäler şäheri” (Город грехов) filmleri bilen belli bolan režissýor Robert Rodriges CBS kanaly üçin täze “Zorro” serialyny döretmäge girişdi. Bu barada Deadline habar berýär.

Täze wersiýada ar alyjy Zorrony Tehas ştatynyň Ostin şäheriniň ýaşaýjylarynyň bähbitlerini goraýan ýaş latyn amerikaly zenan janlandyrar.
Ssenariýany Rebekka Rodriges we Jon Lawin ýazdy. Baş keşbi ýerine ýetirjek aktrisanyň ady heniz aýan edilmedi.
“Zorro” serialyny düşürmek taslamasy täze däl. Bu barada ilkinji gürrüňler 2020-nji ýylda peýda boldy we şol wagt ol NBC kanaly üçin meýilleşdirildi.
Zorro ilkinji gezek XVII asyryň başynda Ispaniýanyň halk ertekilerinde peýda boldy. Gahrymanyň iň meşhur janlandyrmalary Alen Delonyň we Antonio Banderasyň gatnaşmagynda düşürilen filmler boldy. Şu ýyl ispan telewideniýesinde Migel Bernardo bilen “Zorro” atly täze serial çykdy.


düýn 20:14
1.9k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......