“28 ýyl soň” iPhone 15 Pro Max-da surata düşürildi: bu smartfonda alnan iň gymmat film

  • 22.09.2024 22:47
  • 12k+

Denni Boýluň postapokaliptik trilleriniň dowamy bolan “28 ýyl soň” (28 лет спустя) filmi iPhone 15 Pro Max smartfonynda surata düşürildi. Wired neşiriniň maglumatlaryna görä, surata düşüriş topary professional hili üpjün etmek üçin ýörite adapterler bilen enjamlaşdyrylan birnäçe modifisirlenen smartfony ulandy.

Çeşmeleriň maglumatlaryna görä, kartinanyň býujeti 75 mln dollar boldy, bu hem ony häzire çenli smartfonda alnan iň gymmat filme öwürýär.
Filmde Jodi Komer, Reýf Raýns we Çarli Hannam oýnady, 2002-nji ýylda çykan asyl filmde (“28 gün soň”) baş keşbi ýerine ýetiren Killian Mýorfi bolsa, gürrüňlere görä, sikwelde epizodik keşpde peýda boldy.
Filmiň režissýory hökmünde asyl filmiň awtory, şeýle-de “Harabalykdan çykan millioner” (Миллионер из трущоб) we “127 sagat” filmleri bilen tanalýan Denni Boýl çykyş etdi. 2002-nji ýyldaky film hem şol döwürde adaty bolmadyk tehnologiki çözgüt bilen tapawutlandy. Ol Canon XL-1 sanly kamerasynda surata düşürilen ilkinji uly filmleriň biri boldy.


düýn 09:56
1.9k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.5k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.6k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......