Magtymguly adyndaky TDU Himiýa dersi boýunça III Halkara olimpiadasyna çagyrýar

  • 22.09.2024 00:00
  • 4k+
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti 2024-nji ýylyň 25-30-njy noýabry aralygynda ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Aşgabat şäherinde Himiýa dersi boýunça geçirilýän III Halkara olimpiadasyny geçirýär. Ýokary okuw mekdebi resmi saýtynda isleg bildirýänleri olimpiada gatnaşmaga çagyrýar.

Olimpiadanyň resmi iş dilleri - türkmen, iňlis we rus dilleri.
Olimpiada şahsy we toparlaýyn bäsleşik görnüşinde geçirilýär:
Şahsy bäsleşik we derejede geçirilýär:
a) derejä islendik hünärde okaýan talyplar gatnaşyp bilýär.
b) derejä hünär ugry himiýa bolmadyk talyplar gatnaşyp bilýär.

Şahsy bäsleşigiň netijesi boýunça toparlaýyn bäsleşigiň jemi jemlener.
Olimpiada iki tapgyrda geçirilýär:
- A derejäniň birinji tapgyry organiki däl himiýa we fiziki himiýa boýunça, ikinji tapgyr organiki himiýa we analitiki himiýa boýunça ýazmaça görnüşinde geçirilýär;
- B dereje üçin birinji tapgyr test görnüşinde, ikinji tapgyr ýazmaça görnüşinde geçirilýär.
Çagyrylan her ýokary okuw mekdebinden her dereje üçin gatnaşyjylaryň sany dört talypdan (bakalawr we hünärmen derejelerinden) we bir ýolbaşçydan (4+1 görnüşinde) geçmeli däl.
Olimpiadanyň ýeňijilerine diplomlar we medallar gowşurylar.
Olimpiada gatnaşýan ýokary okuw mekdebine üç mesele hödürlemäge hukuk berilýär. Hödürlenýän meseleler anyk çözüwi bilen guramaçylyk iş toparyna 2024-nji ýylyň 10-njy noýabryna çenli olimptsu@gmail.com elektron poçta arkaly ugradylmaly. Hödürlenen meseleler kabul edilen halatynda toparyň ýolbaşçysy eminler toparynyň başlygynyň razylygy bilen eminler toparynyň agzalygyna girizilip bilner.
Olimpiada gatnaşyjylaryň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň amatly şertli umumy ýaşaýyş jaýynda ýaşamagy, naharlanmagy, şeýle-de Aşgabadyň çägindäki ýol harajatlary kabul edýän tarapyň hasabyna, Aşgabada gelmek we gitmek bilen bagly harajatlar, şeýle hem aýratyn ýagdaýda, gatnaşyjynyň myhmanhanada ýerleşmek islegi bar bolan halatynda ugradýan tarapyň hasabyna tölener.
Olimpiada gatnaşmaga isleg bildirýänler ýokary okuw mekdebiniň resmi haty arkaly toparyň düzümi baradaky maglumaty, şeýle hem doldyrylan hasaba alnyş kagyzyny we şahsy kagyzyny olimptsu@gmail.com elektron salgysyna ibermeli. Hasaba alnyş 2024-nji ýylyň 31-nji oktýabryna çenli dowam eder.

Habarlaşmak üçin:
Telefon: +99364 050124; +99363 699364.
Elektron salgysy:
olimptsu@gmail.com


02.06.2026 20:35
3.7k+

Maryda ýaşlaryň arasynda geçirilen robototehnika bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde Mary şäherinde «Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy» boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry guraldy. Bu......

01.06.2026 17:06
2.9k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9.1k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.8k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......