Netflix 2024-nji ýylda iň köp tomaşa edilen taslamalaryny belli etdi

  • 21.09.2024 22:45
  • 5.8k+

Netflix akym hyzmaty 2024-nji ýylda öz taslamalaryna nähili tomaşa edilendigi barada maglumatlary hödürläp, platformanyň iň meşhur filmlerini we seriallaryny kesgitledi.

Ýylyň birinji ýarymynda iň meşhur film baş keşbi Milli Bobbi Braunyň ýerine ýetirmeginde “Gyz we aždarha” (Дева и дракон) boldy. Garaňky fentezi hökmünde surata düşürilen filme 143 mln gezek tomaşa edildi.
Onuň yzyndan Kewin Hart bilen “Howa talaňçylygy” (Воздушное ограбление) komediýa hereketli filmi gelýär (129 mln). Üçünji orunda Huan Antonio Baýonanyň “Gar jemgyýeti” (Общество снега) trilleri ýerleşdi (103 mln).
Seriallaryň arasynda “Bir gezek aldap” (Единожды солгав, 107,5 mln tomaşa) öňde barýar. Şeýle-de, ilkinji bäşlige “Brijertonlaryň” (Бриджертоны) üçünji möwsümi (91,9 mln), “Sugun çagasy” (Олёненок, 87,6 mln), Gaý Riçiniň “Jentlmenleri” (Джентльмены, 75,9 mln) we “Awatar: Aang hakynda rowaýat” (Аватар: Легенда об Аанге, 71,1 mln) girýär.
2023-nji ýylyň ikinji ýarymynda Juliýa Roberts bilen “Dünýäni yzda goý” (Оставь мир позади) we “One Piece. Uly olja” (One Piece. Большой куш) mangasynyň ekranlaşdyrylmasy has meşhur boldy.


düýn 20:14
1.9k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......