"Garri Potteriň" awtory täze romanyň üstünde işläp başlady

  • 21.09.2024 23:03
  • 6.6k+

Dünýä belli “Garri Potter” eseriniň ýazary hökmünde tanalýan Joan Rouling täze “futuristik romanyň” üstünde işläp başlady diýip, Deadline habar berýär.

Ýazyjynyň X sosial ulgamynda (öňki Twitter) habar berşi ýaly, ol Robert Gelbreýt lakamy bilen ýazylan Kormoran Straýk hakyndaky detektiwlerden soň esasy taslamasy boljak bu kitaby ýazmaga başlady.
Roulingiň aýtmagyna görä, roman geljek bilen baglanyşykly bolar, ýöne muşdaklaryň çaklamalarynyň tersine kosmos temalaryna degmez. Romanyň içindäki hereketler “Ýer bilen baglanar”.
Roman bilen bilelikde Rouling özüni derňewlere bagyşlamak kararyna gelen owgan söweşiniň weterany Kormoran Straýk baradaky sekizinji kitabyň üstünde işleýär. Bu seriýa eýýäm uly meşhurlyk gazandy. Täze kitap “Bellikli adam” (Человек с клеймом) ady bilen çykar. Bu kitaplara esaslanýan, teleserial döredildi. Bu serial BBC we HBO-da görkezilýär. Ýakynda altynjy möwsümiň surata düşürilmegi tamamlandy.


düýn 20:14
1.9k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......