Karlos Alkaras 2024-nji ýylda sportda iň görnükli 50 adamyň sanawyna girdi

  • 20.09.2024 14:16
  • 4.4k+

ATP reýtinginiň öňki lideri, häzirki wagtda üçünji orny eýeleýän ispaniýaly tennisçi Karlos Alkaras meşhur Sports Illustrated amerikan žurnaly tarapyndan 2024-nji ýylda sportda iň görnükli 50 adamyň sanawyna goşuldy.

Sanawda Alkaras bilen birlikde futbolçylar Lionel Messi, Erling Holand we Jud Bellingem, basketbolçy Lebron Jeýms, “Formula-1” ýaryşyna gatnaşyjylar Lýuis Hemilton we Maks Werstappen hem-de gimnastikaçy Simona Baýlz hem bar.
Belläp geçsek, Alkaras 21 ýaşynda bolup, “Uly tuwulga” ýaryşlarynyň dört gezek ýeňijisidir (ABŞ-nyň Açyk çempionaty – 2022, “Wimbledon” – 2023 we 2024, Fransiýanyň Açyk çempionaty – 2024). Şeýle-de, türgen dünýäniň öňki birinji raketkasy we erkekleriň arasynda taryhda dünýä reýtinginiň iň ýaş lideridir. Onuň hasabynda ýekelikde 15 ATP ýaryşy we 2024-nji ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medaly bar.


18.06.2026 10:24
1.2k+

Asteroide tennisçi Ýannik Sinneriň ady dakyldy

Halkara astronomiýa bileleşigi Mars we Ýupiter planetalarynyň arasynda, ýagny esasy guşaklykda ýerleşýän asteroide italiýaly tennisçi Ýannik Sinneriň adyny dakdy....

08.06.2026 12:41
2.1k+

Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy

Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy....

06.06.2026 11:31
3.6k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.4k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......