Apple üpjünçiligi tizleşdirmek üçin Braziliýada iPhone 16-nyň önümçiligine başlady

  • 20.09.2024 14:14
  • 4.2k+

Apple önümçilik kuwwatyny giňeltmegi dowam etdirýär. Hytaýdan we Hindistandan başga-da, şu ýyl kompaniýa Braziliýada iPhone 16 smartfonlaryny ýygnar.

Ilkinji gezek täze modeller bu ýurtda ilkinji çykan gününden başlap ýygnalar. San-Pauludaky Žundiai şäherinde ýerleşýän Foxconn zawody iPhone 16-nyň esasy wersiýasynyň ýygnalmagyna jogap berer. Has gymmat modeller bolsa, öňküsi ýaly, Hytaýdan import ediler.
Bu ädim Apple kompaniýasyna diňe bir hytaý önümçiligine garaşlylygy azaltmaga däl-de, eýsem smartfonlaryň Braziliýa iberilmegini çaltlaşdyrmaga mümkinçilik berer. Öň, kompaniýa täze iPhone modellerini ýurda getirmek üçin tas bir aý gerek bolýardy. Indi iPhone 16 Braziliýa ABŞ-da çykyp başlandan bir hepde soň geler.
ABŞ-da täze modelleriň bahasy iPhone 16 üçin 799 dollardan we iPhone 16 Pro üçin 999 dollardan başlaýar.


17.05.2026 09:49
2k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

14.05.2026 12:04
2.6k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....

03.05.2026 16:10
3k+

Apple-iň girdejisi rekord derejä ýetdi: iPhone 17-ä bolan isleg garaşylandan hem ýokary boldy

Apple kompaniýasy mart aýynda tamamlanan çärýek üçin rekord maliýe netijelerini yglan etdi. Bu üstünligiň esasy sebäbi täze iPhone 17 modellerine bolan çenden aşa ýokary isleg boldy....

29.04.2026 15:00
1.3k+

Geçen ýyl Apple-yň ähli önümleriniň takmynan 1/3-i gaýtadan işlenen materiallardan boldy

Geçen ýyl Apple-niň önümlerinde ulanylan ähli materiallaryň 30%-i gaýtadan işlenen çeşmelerden alyndy. Kompaniýa özüniň ekologiýa strategiýasyny durmuşa geçirmekde uly üstünlikleri gazanandygyny resmi taýdan......