Instagram-da “ýetginjek hasaplary” peýda bolar: indi ene-atalar çagalarynyň hasaplaryna gözegçilik edip bilerler

  • 20.09.2024 11:02
  • 5.4k+

Meta Instagram-yň 18 ýaşa ýetmedik ulanyjylary üçin “ýetginjek hasaplaryny” açýar, bu bolsa ene-atalara çagalarynyň platformany ulanmaklaryna has doly gözegçilik etmäge mümkinçilik berer diýip, Afisha Daily habar berýär.

Täze hasaplarda ene-atalara gündelik wagt çäklerini kesgitlemäge, gije programmany petiklemäge we çagasynyň aragatnaşyk saklaýan mazmunyny görmäge mümkinçilik berýän funksiýalar bolar.
Sazlamalarda ýetginjekleriň nätanyş uly adamlar bilen aragatnaşygyny çäklendirmek we gijeki habarnamalaryny öçürmek ýaly howpsuzlyk funksiýalary hem bolar.
Ene-atalar 16 ýaşdan kiçi çagalaryň hasap sazlamalaryna doly gözegçilik edip bilerler, 17 we 18 ýaşly çagalar bolsa sazlamalary üýtgedip bilerler.
Meta-nyň global howpsuzlyk bölüminiň müdiri Antigone Dewisiň aýtmagyna görä, bu başlangyç döwlet edaralarynyň basyşy bilen däl-de, ene-atalaryň isleglerine görä işlenip düzüldi.
Täze funksiýa ilki täze açyljak hasaplarda bolar, soňra bolsa bar bolan hasaplara hem giriziler.
Bu çözgüt sosial medianyň çagalaryň akyl saglygyna edýän täsiri esasynda kabul edildi.


19.06.2026 19:38
619

Threads platformasynyň auditoriýasy ýarym milliard adama ýetdi

Threads sosial ulgamy özüniň aýlyk auditoriýasyny 500 milliona ýetirip, X (öňki Twitter) platformasynyň görkezijilerine golaýlaşdy....

16.06.2026 23:19
2.3k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

23.05.2026 16:18
3.7k+

Sukerberg Meta-da 8 müň işgäri işden çykarýar

Meta kompaniýasynyň ýolbaşçysy Mark Sukerberg, takmynan, 8 müň işgäriň işden çykaryljagyny mälim etdi, bu bolsa kompaniýanyň bütin dünýädäki umumy işgärler sanynyň 10%-ine barabar. Bu çözgüt kompaniýanyň......

09.05.2026 00:32
11k+

Ronaldu we Messi Instagram-da millionlarça agzasyny ýitirdi

Meta kompaniýasy tarapyndan görlen berk çäreler Kriştianu Ronaldu, Lionel Messi we Kilian Mbappe ýaly futbol ýyldyzlarynyň sosial ulgamlarda esli agzasyny ýitirmegine getirdi....