Oýnawaçly ekşn: Matchbox miniatýura modellerine esaslanýan film surata düşüriler

  • 19.09.2024 21:25
  • 3.2k+

Apple Original Films Mattel kompaniýasynyň meşhur Matchbox oýnawaç awtoulag tapgyryna esaslanýan doly metražly söweşjeň filmi (boýewik) surata düşürer diýip, Deadline habar berýär.

Film Skydance we Mattel Films tarapyndan öndüriler, “Taýler Reýk” ekşn-filmi bilen tanalýan Sem Hargreýw  bolsa oňa režissýorlyk eder.
Baş keşbi eýýäm “Forsaž 9” we “Bumblbi” ýaly taslamalara gatnaşan aktýor we pälwan Jon Sina ýerine ýetirer.
Filmiň edebi esasyny Jonatan Tropper bilen Dewid Koggeşall ýazdy. Häzirlikçe sýužetiň jikme-jiklikleri aýan edilmedi, ýöne taslama ulagjyklar, gaýyklar, tanklar we beýleki ulag serişdeleri ýaly meşhur oýunjaklardan ruhlanan dinamiki ekşn boljakdygyny wada berýär.
Matchbox brendi 1953-nji ýylda ulag muşdagy  Jek Odell tarapyndan esaslandyryldy. Onuň ilkinji modeli, mekdebe uly oýunjak getirmek gadagan edileni üçin, gyzyna niýetläp ýasan kiçijik ulagjygydy. Ol çagalaryň arasynda ajaýyp meşhurlyk gazanan kiçijik ulag ýasady. Bu Odelli otluçöp gabyna sygýan kiçijik oýnawaç ýasamaga itergi berdi (matchbox iňlis dilinden terjime edilende “otluçöp gutujygy” diýen manyny aňladýar). Netijede, ýokary hilliligi we bölek şaýlaryna berilýän üns bilen şu güne çenli meşhur bolan tutuş bir işiň esasyny goýdy.
1982-nji ýyla çenli Matchbox ulagjyklary Lesney Products kompaniýasy tarapyndan öndürildi, ýöne ol batansoň, brendiň hukuklaryny Universal Toys bilen Dewid Ýe satyn aldy. 1997-nji ýylda olary ony Mattele satdylar.


düýn 09:56
1.9k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.5k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.6k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......