Ilon Maskyň Neuralink-i gözi görmeýänleriň görüşini dikeltmek üçin implantatyň üstünde işleýär

  • 19.09.2024 21:22
  • 3.7k+

Ilon Mask tarapyndan esaslandyrylan Neuralink kompaniýasy Blindsight implantatynyň ABŞ-nyň Azyk we derman serişdelerine gözegçilik müdirliginiň (FDA) “öňdebaryjy enjam” statusyna eýe bolandygyny aýtdy. Bu status ömre howp salýan ýagdaýlary bejermäge gönükdirilen lukmançylyk enjamlaryna berilýär. Statusyň berilmegi enjamlaryň işlenip taýýarlanyşyny we synagdan geçirilişini  çaltlaşdyrmaga gönükdirilendir diýip, Reuters habar berýär.

“Neuralink-iň Blindsight enjamy, hatda iki gözüni we görüş nerwisini ýitiren adamlara-da görmäge mümkinçilik berer. Görüş korteksiniň [beýniniň] zaýalanmazlygy şerti bilen, hatda dogluşdan körlere-de ilkinji gezek görmäge mümkinçilik berer. Eger görüş gabygyna (kelle beýniniň) zeper ýetmedik bolsa ol dogabitdi körlere hem görmäge mümkinçilik berer. Görşüň, ilki Atari grafikasy ýaly, durulygy pes bolar, ýöne netijede ol tebigy görüşdenem has gowulaşyp biler we infragyzyl, ultramelewşe ýagdaýda, we hatda tolkunlaryň uzynlygyny radiolokasion diapazonda görmäge mümkinçilik berer "- diýip Ilon Mask gürrüň berdi.

Neuralink adamda synaglaryň haçan başlanjagynyň takyk wagtyny mälim etmedi, ýöne bu ädim işläp taýýarlaýyşda möhüm tapgyry alamatlandyrýar.
Kompaniýanyň eýýäm ysmaz hassalarda olara pikiriň güýjüni ulanyp, enjamlary dolandyrmaga mümkinçilik berýän beýni implantasiýalaryny synag edip görýändigini ýatladýarys.
Mask we inženerler topary tarapyndan 2016-njy ýylda esaslandyrylan Neuralink kellesine ýerleşdirilip bilinjek beýni çip interfeýsini işläp taýýarlamak bilen meşgullanýar. Bu, ahyrky netijede, maýyp näsaglara täzeden hereket etmäge we aragatnaşyk saklamaga, şeýle hem görüşlerini dikeltmäge kömek edip biler diýip, kompaniýada habar berýärler.


düýn 23:26
1.5k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
5.3k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

20.06.2026 09:37
2.1k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
6.5k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....