Toyota Highlander 2025-iň ýörite tapgyryny hödürledi. Ol modeliň 25 ýyllygyna bagyşlanýar

  • 19.09.2024 14:34
  • 16k+

Toyota 2025-nji ýylyň täze Highlander krossowerini çykardy. Modeliň 25 ýyllygyna bagyşlanan ýörite tapgyr 2500 birlik bilen çäklendirilýär we birnäçe özboluşly aýratynlyklara eýe boldy diýip, IXBT ýazýar.

Krossowerler doly herekete getirijini, 20 dýuým diskleri we kuzowyň eksklýuziw reňklerini aldy. Salon goňur deriniň ulanylmagy bilen ýerine ýetirilen we “25th Edition” logotipleri bilen bezelen. Gapy bosagasyna halyçalar we degişli ýazgyly gorag detallary goşuldy.
Highlander-iň interýeri iki sany 12,3 dýuým ekran, üç zolakly howa dolandyryş ulgamy we 11 dinamikaly JBL akustikasy bilen üpjün edildi. Model Toyota Safety Sense 2.5+ howpsuzlyk toplumy bilen enjamlaşdyryldy.


Täzelenmeler beýleki wersiýalara-da täsir etdi. Ähli gibrid modeller indi doly herekete getiriji bilen hödürlenýär, XSE Turbo wersiýasy bolsa 12 dýuým ekranly sanly enjam paneline eýe boldy.
Güýç enjamlary üýtgewsiz galdy. Esasy wersiýa 269 at güýjüni berýän 2,4 litrlik hereketlendirijini, ýokary gibrid wersiýa bolsa 2,5 litrlik hereketlendirijiniň esasynda kuwwaty 246 at güýji bolan güýç gurluşyny aldy.
2025-nji ýylyň Highlander modeliniň noýabr aýynda 39 520 dollar başlangyç baha bilen satuwa çykmagyna garaşylýar, bu öňki wersiýalaryň bahasyndan 250 dollar ýokarydyr.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......