Betmen Golliwuddaky “Şöhrat bagýodasynda” ýyldyz aljak ilkinji supergahryman bolar

  • 19.09.2024 14:24
  • 2.7k+

DC Comics komiksleriniň gahrymany Betmen Golliwuddaky “Şöhrat bagýodasynda” ýyldyz alar. Personaž 26-njy sentýabrda sylaglanar diýip, Comic Book Resources habar berýär. Şeýlelikde, ol bu ýyldyzy aljak ilkinji supergahryman bolar. Oýlanyp tapylan personažlar barada aýdylanda, Betmenden öň bagýodada ýyldyzy Mikki Maus we Godzilla aldy.

Betmen ilkinji gezek 1939-njy ýylyň maý aýynda Detective Comics №27-de peýda boldy. Ony ýazyjy Bill Finger bilen awtordaşlykda suratkeş Bob Keýn döretdi. Betmen jenaýatçylyga garşy göreşen milliarder, senagatçy we haýyr-sahawatçy Brýus Ueýniň alter egosydyr.
Betmen barada köp sanly komiksler, filmler, wideo oýunlar çykaryldy. Ekranda Betmen 1943-nji ýylda 15 bölümli taslamada peýda boldy. Alty ýyldan soň “Betmen we Robin” serialy çykdy. Soňra 1980-nji ýyllaryň ahyrynda Tim Býorton baş keşbi Maýkl Kitonyň ýerine ýetirmeginde doly metražly film surata düşürdi. Birnäçe wagtdan soň režissýor onuň dowamyny çykardy.
2000-nji ýyllaryň başynda Kristofer Nolan “Betmen” hekaýasy boýunça öz wersiýasyny – Gara rysar barada trilogiýany surata düşürmek kararyna geldi. Betmeniň keşbini Kristian Beýl, garşydaşlaryň keşplerini Liam Nison, Killian Mýorfi, Hit Lejer we Tom Hardi ýerine ýetirdi. 2010-njy we 2020-nji ýyllarda hem gahrymany görkezýän “Fleş”, “Joker” ýaly ýene birnäçe film çykdy. 


düýn 20:14
1.9k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......