Londonda dronlar iki hassahananyň arasynda donor ganyny daşarlar

  • 19.09.2024 14:29
  • 6.5k+

Dronlar harytlary we poçtany ibermek üçin ulanylyp bilner. Ýöne Alphabet-e degişli bolan Wing kompaniýasy dronlardan peýdalanmagyň başga bir ýoluny tapdy. Kompaniýanyň dronlary synag maksatnamasynyň çäklerinde donor ganyny daşap başlarlar diýip, IXBT habar berýär.

Guy’s and ST Thomas’ NHS Foundation Trust gaznasynyň Apian startapy we Wing bilen hyzmatdaşlygy netijesinde Londonda iki hassahananyň arasynda dronlar bilen donor ganyny daşamagyň synag maksatnamasy işe girizilýär.
Gaý hassahanasy bilen Sent-Tomas hassahanasynyň barlaghasynyň arasynda nusgalaryň geçirilmegi ýolda ýarym sagatdan gowrak wagt alyp biler, ýöne dronlaryň kömegi bilen muňa bary-ýogy iki minut gerek bolar. Bu has çalt seljermäge mümkinçilik berip, mysal üçin, hassalara operasiýadan geçmegiň howpsuzdygyny ýa-da ýokdugyny netijeli kesgitlemäge kömek eder. Synagyň dowamynda ganyň lagtalanmak bozulmalary sebäpli gaýra üzülmeklik töwekgelçiligi ýokary bolan operasiýa geçiren hassalar üçin gan nusgalary gowşurylar.
Synaglar ýarym ýyl dowam eder we geljekde logistik taýdan has çylşyrymly taslamalary meýilleşdirmäge mümkinçilik berer.


düýn 19:18
1.9k+

Ed Şiran gyzlary bilen wagt geçirmek üçin sahnadan gidýär

Meşhur 35 ýaşly britaniýaly aýdymçy Ed Şiran aýdym-saz işini wagtlaýyn bes etmek isleýändigini aýtdy. Artist bu barada häzirki wagtda dowam edýän LOOP gastrolynyň çäklerinde Glendeýlde (Arizona ştaty) bolan......

16.06.2026 23:19
2.2k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

16.05.2026 22:44
6.3k+

Dewid Bekhem ilkinji britaniýaly milliarder türgen boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Beýik Britaniýadan bolan ilkinji milliarder türgen diýlip ykrar edildi. Bu barada «The Times» neşiri ýazýar....

11.05.2026 15:25
1.6k+

«Ýetginjeklik döwri» mini-serialy BAFTA TV 2026 baýragynyň 4-üsini aldy

Londonda «Emmi» baýragynyň Britaniýadaky meňzeşi bolan BAFTA TV Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýesi «Ýetginjeklik döwri» mini-serialy boldy – bu serial birbada dört sany......