Islegiň gowşaklygy sebäpli Hytaýda iPhone 16 satuwdan öň 11%-e çenli arzanladyş bilen hödürlenýär

  • 19.09.2024 14:27
  • 7k+

Dünýäde iň uly smartfon bazarlarynyň biri bolan Hytaýda täze iPhone 16 smartfonlary resmi relizinden öň 11% arzanladyş bilen satylyp başlandy. Apple-iň täze smartfonlarynda gurnalan emeli aň funksiýalarynyň bolmazlygy bu smartfonlara bolan islegiň peselmegine getirdi. Şonuň üçin Pinduoduo we Taobao ýaly Hytaýyň iň uly onlaýn-reteýlerleri Apple-iň flagman gurluşlaryna uly arzanladyş hödürleýär.

PDD Holdings kompaniýasyna degişli bolan we ýurtda iň meşhur elektron söwda platformalarynyň biri bolan Pinduoduo 512 GB ýatly iPhone 16 Plus-y 8999 ýuan ($1268) bilen hödürleýär. Bu resmi baha 9999 ýuandan 10% arzandyr. 128 GB ýatly iPhone 16 11% arzanladyş bilen satylýar, bu hatarda bahanyň iň möhüm arzanlamagydyr.
Pinduoduo we Taobao (soňkusy Alibaba Group Holding kompaniýasyna degişli) 256 GB ýatly iPhone 16 Pro Max üçin 4% arzanladyş hödürläp, onuň bahasyny 400 ýuan, 9599 ýuana çenli arzanladýarlar. Alibaba-nyň ýene bir platformasy Tmall göterimsiz 24 aý garaşaryna berýär.
Ýeri gelende bellesek, Alibaba bu maglumatlaryň çeşmesi bolan South China Morning Post gazetiniň hem eýesidir.
iPhone 16 barada aýdylanda, anna güni satuwa çykjak bu smartfonlar häzirlikçe emeli aň funksiýalary bilen üpjün edilmez, olaryň relizi oktýabr aýyna meýilleşdirilýär. Bu innowasiýanyň bolmazlygy bolsa Hytaýyň smartfon bazaryndaky bäsdeşligi göz öňünde tutsaň, smartfon satuwyna täsirini ýetirip biler. Şeýle-de, bu ýagdaý ýakynda täze Mate XT smartfonyny hödürlän Huawei-niň işjeňligi bilen has ýitileşýär.


düýn 11:17
4k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

düýn 10:28
1.1k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 14:01
8.4k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 08:04
10k+

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....