Ford taryhda iň kuwwatly Mustang awtomobilini hödürledi

  • 19.09.2024 15:27
  • 8.6k+

Ford awtoöndürijisi taryhda iň kuwwatly tapgyrlaýyn “Mustangy” – Ford Mustang GTD 2025-i hödürledi. Awtomobil 5,2 litrlik V8 benzin hereketlendirijisiniň kömegi bilen 826 at güýjüni berýär. Şeýle “Mustang” Porsche 911 GT3 RS sportkaryndan hem kuwwatly boldy. Iň ýokary tizlik sagatda 325 km ýetýär.

Kuzowyň käbir elementleri, şol sanda kapot, ganatlar, goş goýulýan ýeriň gapagy we yzky diffuzor uglerod süýüminden ýerine ýetirilen. Awtomobiliň daşky görnüşi “Mustanglara” mahsus aýratynlyklary, şol sanda firma faralaryny miras aldy.
Awtomobil indi Nýurburgringde synalyp görler. Ford täze Mustang GTD-niň bu meşhur ýoly ýedi minutdan az wagtyň içinde geçip biljekdigini belleýär. Deňeşdirmek üçin, Lamborghini Huracan LP 640-4 Performante 20,832 km ýoly 6 minut 57 sekuntda geçýär. Iň kuwwatly “Mustangyň” bahasy heniz yglan edilmedi.


19.06.2026 19:45
1.9k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

05.06.2026 15:49
4.7k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 17:27
3.3k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

09.05.2026 09:12
2.2k+

Ford Mustang Cobra Jet 2200 elektromobilleriň tizlik rekordyny täzeledi

Ford Motor Company tarapyndan öndürilen Ford Mustang Cobra Jet 2200 drag-reýsing ýaryşlarynda elektrik awtoulaglarynyň arasynda täze dünýä rekordyny goýdy....