“Garri Potter” serialy 2027-nji ýyldan bärde çykmaz

  • 19.09.2024 09:37
  • 3.6k+

HBO-nyň “Garri Potter” kitabyna esaslanýan serialy 2026-njy ýylyň ahyryndan ýa-da 2027-nji ýylyň başyndan bärde çykarylmaz. Bu barada Max telekanalynyň başlygy Keýsi Bloýs Deadline-e beren interwýusynda aýtdy.

Bloýs: “Ssenariýeçiler ýazyp başladylar. Mark Maýlod (režissýor) taýýarlyk görüp başlady. Topar bölüm müdirlerini işe alýar, kasting geçirilýär, şulardan soň başlaýarys " – diýdi.
Kasting habarnamasynda önümçiligiň başlanýan senesi hökmünde 2025-nji ýylyň mart aýy görkezildi, ýöne Bloýs bu maglumatyň filmiň önümçiligi däl-de, ýaş aktýorlaryň ýaşy bilen baglanyşyklydygyny nygtady. Ol: “Ssenariýeçi Françeska Gardiner ýaňy işine başlandygy sebäpli, akymyň goýberiljek senesi barada gürlemek entek ir” – diýdi.
Golaýda “Garri Potter” kinoadaptasiýasyndaky Sirius Blek roly bilen tanalýan “Oskar” baýragynyň eýesi Geri Oldman, serialda Dambldoryň roluny oýnamaga razy boljakdygyny aýtdy.


düýn 22:20
3.1k+

Maýkl Jekson baradaky film tankytlara garamazdan, ilkibaşda baýopikler üçin rekord $217 million gazandy

"Maýkl” atly terjimehal film ilkinji dynç günlerinde dünýäde 217 million dollar girdeji gazanyp, terjimehal filmleriň arasynda rekord goýdy.Bu barada The Guardian neşiri habar berýär. ...

düýn 11:37
1.8k+

"Ar alyjylar: Ahyry" gaýtadan prokata çykarylmazdan öň goşmaça sahnalary alar

Režissýorlar Entoni bilen Jo Russo "Ar alyjylar: Ahyry" filmine dünýä derejesinde gaýtadan görkezilmezden öň täze sahnalaryň goşuljakdygyny tassykladylar....

26.04.2026 16:05
5.1k+

«Günüň we Suwuň çagalary» türkmen filmi Astanadaky kinofestiwalyň baýragyny aldy

Türkmen režissýory Bekdurdy Amansaryýewiň «Günüň we Suwuň çagalary» atly dokumental filmi «Astana Eco Film Festival» kinofestiwalynda tomaşaçylaryň gyzyklanmasy boýunça ýörite baýraga mynasyp boldy. Bu çäre......

26.04.2026 11:04
4.5k+

«Ratatuý» multfilminiň döredilmegine esas bolan meşhur aşpez Bernar Luazo barada film surata düşüriler

Fransiýada «Ratatuý» multfilminiň döredijilerine ylham beren aşpez Bernar Luazonyň durmuşy barada terjimehal film surata düşüriler. Bu barada «The Hollywood Reporter» neşiri habar berýär....