OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça garaşsyz geňeşiň döredilendigini yglan etdi

  • 18.09.2024 19:54
  • 1.8k+

OpenAI emeli aň (EA) modelleri işlenip taýýarlananda howpsuzlyk meselelerine gözegçilik etjek garaşsyz gözegçilik edarasynyň döredilendigini habar berdi. Täze düzüm howpsuzlyk üçin töwekgelçilikler ýüze çykan ýagdaýynda modelleriň relizini togtatmak hukugyny aldy.

Bu çözgüt kompaniýanyň howpsuzlyk çärelerini 90 günlük seljermeden soň kabul edildi. Howpsuzlyk komitetine Ziko Kolter ýolbaşçy boldy, onuň düzümine bolsa Adam D’Anjelo, Pol Nakasone we Nikol Seligman girdi. OpenAI-yň baş müdiri Sel Altman bu komitetiň agzasy däl. Täze edaranyň esasy wezipesi howpsuzlyga baha bermekden we täze EA relizleri bilen baglanyşykly bolup biljek howplaryň öňüni almakdan ybarat.
Komitet resmi taýdan garaşsyz edara statusyny alsa-da, onuň agzalary kompaniýanyň müdirler geňeşine girmegini dowam etdirýärkä, onuň garaşsyzlygy sorag astynda galýar.
Şeýle-de, OpenAI emeli aň pudagynyň beýleki gatnaşyjylary bilen hem hyzmatdaşlygy giňeltmek meýilnamasyny yglan etdi we öz ulgamlarynyň howpsuzlygy we synagy babatynda aç-açanlygy ýokarlandyrmagy maksat edinýär.


05.05.2026 05:26
3.1k+

Emeli aň çagalardaky üns ýetmezçiligi we aşa hereketjeňlik sindromyny has irki tapgyrlarda anyklamagy öwrendi

Alymlar emeli aňyň çagalarda üns ýetmezçiligi we artykmaç hereketjeňlik sindromynyň (ÜÝAHS) alamatlaryny, heniz resmi diagnoz goýulmazyndan birnäçe ýyl öň anyklap bilýändigini subut etdiler....

18.04.2026 12:23
4.2k+

Meýn uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny gadagan eden ilkinji ABŞ ştaty bolar

Meýn 2027-nji ýylyň noýabryna çenli 20 megawat we ondan-da köp energiýa sarp edýän täze uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny togtadan ilkinji ABŞ ştaty bolmagy meýilleşdirýär. Kanun taslamasy elektrik......

07.03.2026 17:10
965

OpenAI GPT-5.4-i tanyşdyrdy: Kontekst penjiresi bir million tokene çenli giňeldildi

OpenAI kompaniýasy özüniň täze GPT-5.4 dil modelini tanyşdyrdy. Işläp düzüjiler çylşyrymly meseleleri çözmäge, programirlemäge we dürli gurallar bilen işlemäge has uly üns berip, emeli aň ulgamlarynyň hataryny ösdürmegi dowam edýärler...

06.03.2026 12:05
2.7k+

GPT-5.4-de adatdan daşary pikirleniş režimi peýda bolar

GPT-5.4 modelinde çylşyrymly soraglary işlemek üçin ýörite režimiň peýda bolmagy mümkin. Bu barada "The Information" neşiri habar berýär. Çeşmäniň berýän maglumatyna görä, şeýle tertipde model çylşyrymly logikany we jikme-jik seljermäni talap edýän meseleleri çözmek üçin has köp wagt we hasaplama serişdelerini ulanar...