Jeýms Kemeron Hirosima betbagtçylygy barada film surata düşürer

  • 17.09.2024 21:32
  • 3.9k+

“Awataryň” meşhur režissýory Jeýms Kemeron taryhda iň betbagtçylykly wakalaryň birine – Hirosima we Nagasakä atom bombalarynyň taşlanmagyna bagyşlanan filmi surata düşürmek meýilnamasy barada aýtdy.

“Hirosimadan soňky otly” (The Last Train from Hiroshima) atly taslama Çarlz Pellegrinonyň pajygaly wakanyň netijeleri barada gürrüň berýän kitaplaryna esaslanar.
Filmiň sýužetinde iki betbagtçylykdan aman galan ýeke-täk adam Sutomu Ýamagutiniň gürrüňleri durar. Kemeron Ýamaguti bilen onuň ölmezinden öň duşuşdy we onuň wakasyny owadanlamazdan gürrüň bermegi wada berýär. “Ol hassahanadady. Öz şahsy wakasynyň estafetasyny bize geçirdi, şonuň üçin men muny etmeli. Men mundan ýüz öwrüp bilmeýärin” – diýip, režissýor Deadline bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

“Hirosimadan soňky otly” Kemeron üçin “Awataryň” hyýaly dünýäsinden çykmagy bolar. Režissýor urşuň elhençliklerini suratlandyrmak we adamzada ýadro ýaragyny ulanmagyň pajygaly netijeleri barada ýatlatmak üçin hakykata aralaşmak isleýär.

Häzirlikçe filmiň çykjak senesi aýdylmaýar, ýöne onuň “Awatar” seriýasynyň üstündäki işler tamamlanandan soň çykjakdygy belli. Fantastiki franşizanyň üçünji filmi “Ot we kül” 2025-nji ýylda çykar, şondan soň ýene iki bölümiň bolmagyna garaşylýar.


düýn 20:14
1.9k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......