Tencent kompaniýasyny esaslandyryjy Poni Ma ýene-de Hytaýyň iň baý adamy boldy

  • 17.09.2024 18:00
  • 7.6k+

Tencent kompaniýasyny esaslandyryjy Toni Ma Hytaýyň iň baý adamlarynyň sanawynda öňdebaryjylygy gaýdyp aldy. Bloomberg Billionaries Index boýunça, duşenbe gününe çenli ýagdaýa görä onuň baýlygy 43,9 mlrd dollara ýetdi, bu hem oňa beýleki hytaý milliarderlerinden öňe geçmäge mümkinçilik berdi diýip, Interfaks belleýär.

Nongfu Spring kompaniýasynyň ýolbaşçysy Çžun Şanşan kompaniýanyň paýnamalarynyň bahasy pese gaçandan soň, öz ornuny ýitirip, üçünji orna düşdi. Meşhur TikTok platformasyna eýeçilik edýän ByteDance kompaniýasyny esaslandyryjy Çžan Imin ikinji orna çykdy.
Tencent internet ägirdiniň bazar bahasy ýylyň başyndan bäri 28% ýokarlandy, bu DnF Mobile we Black Myth: Wukong ýaly wideo oýunlaryň üstünlikli relizleri bilen baglanyşyklydyr.
Bloomberg soňky ýyllarda bazarda, esasanam, tehnologiýa pudagynda döwlet gözegçiliginiň ýokarlanmagy sebäpli hytaý milliarderleriniň baýlygynyň azalýandygyny belleýär. Poni Manyň baýlygy 2021-nji ýylyň ýanwar aýyndaky iň ýokary derejesinden 40% azaldy.


12.06.2026 23:59
2.1k+

Ylalaşyk ýatyrylýar: Meta 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almakdan ýüz öwürdi

Amerikanyň Meta korporasiýasy Hytaý häkimiýetleriniň talap etmegi netijesinde, 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almak baradaky ylalaşygy bozmak işine başlady. CNBC agentliginiň maglumatyna görä,......

27.05.2026 15:34
2.7k+

Dört aýda 5,7 million sany Huawei Mate 80 satyldy

Huawei Mate 80 hatarynyň smartfonlarynyň satuwy çykandan bäri geçen dört aýyň içinde 5,7 million enjamdan geçdi. Bu barada pudaklaýyn analitik @RDObservation habar berdi....

25.05.2026 15:22
3.8k+

Hytaýda Huawei Mate 80-i ýere degirmän alýarlar: satuwlar 6 milliondan geçdi

Hytaýda «Huawei Mate 80» seriýaly smartfonlaryň satuwy 6 milliondan geçdi. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, 6 million 93 müň 500 sany smartfon satyldy we bu görkeziji artmagyny dowam etdirýär....

20.05.2026 11:34
4.7k+

Lewandowski Chery awtobrendiniň global ilçisi boldy

«Barselonanyň» hüjümçisi Robert Lewandowski Hytaýyň Chery awtokompaniýasynyň dünýä derejeli global ilçisi boldy....