Jeep täze Grand Cherokee 4xe-ni çykarmaga taýynlanýar

  • 17.09.2024 14:42
  • 6.7k+

Jeep kompaniýasy täze ýolsuz ýerden ýöremäge ukyply Grand Cherokee 4xe awtoulagynyň premýerasyny yglan etdi. Tanyşdyryş dabarasy 20-nji sentýabra meýilleşdirildi, ýöne awtoulagyň esasy aýratynlyklary eýýäm belli diýip, IXBT habar berýär.

Grand Cherokee 4xe-de 2,0 litrlik hereketlendirijisi we jemi 374 at güýjüni öndürýän iki sany elektrik hereketlendirijileri bolan gibrid ulgamy üpjün edilendir. Täze ulagyň ölçegleri: uzynlygy - 4912 mm, ini - 1979 mm, beýikligi - 1798 mm. Awtoulagyň teker bazasy 2964 mm.
Täze modeliň dizaýny häzirki nesil Grand Cherokee-niň dizaýnyna meňzeýär. Öň tarapynda Jeep-iň adaty 7 sany radiator gözenekleri, işlenen gazyň çykarylyş ulgamynda bolsa iki turba bar.
Awtoulagyň interýeriniň aýratynlyklary entek aýan edilmedi.

düýn 09:56
2.3k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....