Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýanyň Kansleri Olaf Şolts bilen duşuşdy

  • şu gün 13:29
  • 901
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýanyň Kansleri Olaf Şolts bilen duşuşdy

Şu gün Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Astanada geçirilýän Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleriniň ikinji duşuşygynyň çäklerinde Germaniýanyň Kansleri Olaf Şolts bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.

Germaniýa bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge we berkitmäge aýratyn üns berilmeginiň wajyplygyny nygtap, Prezident Serdar Berdimuhamedow iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ulgamlaýyn we uzak möhletleýinlik esasynda ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Bellenilişi ýaly, bu gatnaşyklar 90-dan gowrak dürli görnüşli şertnamalary we ylalaşyklary öz içine alýan mäkäm hukuk binýadyna daýanýar.
Iki ýurduň arasynda geçirilýän Ykdysadyýet günleriň, işewürler forumlarynyň we ykdysady sergileriň ulgamlaýyn häsiýetini belläp, Serdar Berdimuhamedow Bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň we German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň möhüm ornuny nygtap geçdi.


şu gün 16:10
8

Türkmenistanyň DIM-nde TIF 2024 maýa goýum forumynyň jemlerine bagyşlanan brifing geçirildi

16-njy sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda şu ýylyň 10-11-nji sentýabrynda Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň we sergisiniň (TIF 2024) netijelerine bagyşlanan brifing...

şu gün 14:49
263

Aşgabatda GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara geňeşiniň mejlisi geçirildi

16-njy sentýabrda Aşgabatdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Utgaşykly görnüşde geçirilen duşuşygyň dowamynda oba hojalygy...

şu gün 14:39
610

Türkmenistanyň ilçisi Pekinde türkmen talyplary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Hytaýdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Parahat Durdyýew Pekinde Hytaý nebit uniwersitetinde bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşdy. Çäre täze okuw ýylynyň başlanmagy hem-de Türkmenistanyň...

şu gün 14:12
1.1k+

Türkmenistan we IRU awtoulag infrastrukturasyny ösdürmek meýilnamalaryny maslahatlaşdy

Aşgabatda Türkmenistan bilen Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň (IRU) wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi. IRU-nyň Baş sekretary Umberto de Prettonyň wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredowyň...