Eminem ikiýyllyk arakesmeden soň sahna gaýdyp geler. Ol MTV VMA dabarasyny açar

  • 10.09.2024 22:58
  • 5.5k+

Repçi Eminem 11-nji sentýabrda Nýu-Ýorkdaky UBS arenasynda geçiriljek MTV Video Music Awards (VMA) dabarasynyň açylyşynda çykyş eder.

Bu artistiň 2022-nji ýyldan bäri ilkinji çykyşy bolar diýip, Variety habar berýär. Şol wagt ol MFL Superkubogynyň çäklerinde Kendrik Lamar, Dr.Dre, Snoop Dog, 50 Cent we Meri Jeý Blaýj bilen bilelikde şüweleňe gatnaşdy.
Repçi öň MTV VMA-nyň açylyşynda çykyş edipdi – ol 2010-njy ýylda Rianna bilen birlikde “Love the Way You Lie” aýdymyny ýerine ýetirdi.
Şu ýyl Eminem sekiz kategoriýada, şol sanda “Ýylyň wideosy” we “Iň gowy hip-hop wideo”, şeýle-de 2000-nji ýylda ýerine ýetiren “Real Slim Shady” we “The Way I Am” aýdymlaryndan düzülen meşhur popurrisi üçin “VMA-nyň meşhur çykyşy” kategoriýalarynda dalaşgär görkezildi. Şol çykyşynda Eminem sahna özüniň firma stilinde geýnen 100-den gowrak “ekiz taýy” bilen çykdy.
Şeýle-de, MTV VMA-da Anitta, Karol G, LL Cool J, Şon Mendes, Sabrina Karpenter, Çappell Ron, GloRilla, Kamila Kabelo, Rau Alehandro, Benson Bun, Holzi, Lenni Krawis we Blackpink toparyndan Lisa çykyş eder.
MTV VMA dabarasy ilkibaşda 10-njy sentýabra meýilleşdirildi, ýöne ABŞ-nyň prezidentligine dalaşgärleriň ilkinji saýlawdan öňki çekişmeleri bilen gabat gelýändigi sebäpli bir gün yza süýşürmek kararyna gelindi.
Ýatlap geçsek, Eminem ýakynda täze The Death of Slim Shady (Coup de Grace) albomy bilen Billboard 200 çartynda birinji orny eýeledi. Bir hepdede albomdan 280 müň nusga satyldy.

şu gün 15:16
234

Tiz tagam we süýjülikler baradaky wideolara tomaşa etmeklik açlyk duýgusyny saklamaga kömek edýär

Bristol we Buffalo uniwersitetleriniň barlagçylary süýjülikler hem-de tiz tagamlary şekillendirilýän wideolara tomaşa etmegiň berhiz tutýan adamlara işdäsini saklamaga kömek edip biljekdigi baradaky netijä......

şu gün 14:40
254

Türkiýäniň parlamenti 15 ýaşa çenli çagalaryň sosial torlara girmegini çäklendirdi

23-nji aprelde Türkiýäniň parlamenti 15 ýaşyna ýetmedik çagalara sosial torlarda akkaunt açmagy gadagan edýän kanuny kabul etdi. Indi platformalar ýaşy anyklamagyň ygtybarly ulgamlaryny ornaşdyrmaga we......

şu gün 14:27
876

Tokioda energiýa çykdajylaryny azaltmak üçin döwlet gullukçylaryna şorty geýmek maslahat berilýär

Tokio häkimiýeti döwlet gullukçylaryna mümkin boldugyndan ýeňil geýime geçmegi, şol sanda şorty, polo köýneklerini we krossowkalary geýmegi resmi taýdan maslahat berdi. «The Guardian» neşiriniň......

şu gün 14:21
288

Türki dünýäsiniň artistleri Weli Muhadowyň 110 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda çykyş eder

2-nji we 3-nji maýda Aşgabadyň Mukamlar köşgünde görnükli türkmen kompozitory Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygyna bagyşlanan TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň opera sahnasynyň ussatlarynyň uly gala-konserti......