Hindistanly režissýor Netflix-i “Kalmar oýny” serialyny ogurlamakda aýyplady

  • 15.09.2024 17:32
  • 8.4k+

Hindistanly režissýor Soham Şah Netflix platformasyny “Kalmar oýny” serialynyň sýužetini onuň 2009-njy ýyldaky filminden ogurlamakda aýyplap, Nýu-Ýork kazyýetine ýüz tutdy. Bu barada kazyýet arzasyna salgylanyp, Bloomberg agentligi ýazýar.

Şah serialyň “Luck” atly hindi dilinde düşürilen filminiň “açyk göçürmesidigini” belleýär.
Arzada Netflix-iň “Luck” filminden esasy sýužeti, gahrymanlary, tematikany, atmosferany, wakalaryň bolup geçýän ýerini we yzygiderliligini alandygy aýdylýar.
Platformanyň wekili bu aýyplamalary esassyz diýip belläp, kompaniýanyň öz önümini kazyýetde goramaga taýýardygyny aýtdy.
“Kalmar oýny” “diri galmak” oýnuna goşulyp, öz maliýe meselelerini çözmäge çalyşýan gahrymanlar barada gürrüň berýän günorta koreý serialydyr.


düýn 20:14
1.9k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 22:08
2.6k+

Hindistan synaglardaky aldawçylyk sebäpli Telegram-y wagtlaýynça petikledi

Hindistanyň häkimiýetleri Telegram messenjerine girişi 22-nji iýuna çenli wagtlaýynça gadagan etdi. Reuters agentliginiň ýurduň Bilim ministrligine salgylanyp berýän habaryna görä, bu çäre lukmançylyk okuw......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....