Maurisio Poçettino resmi taýdan ABŞ-nyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy

  • 11.09.2024 16:10
  • 5.4k+

Argentinaly Maurisio Poçettino ABŞ-nyň milli ýygyndysyna tälimçi bellenildi, bu barada ýurduň Futbol federasiýasynyň saýtynda habar berilýär.

52 ýaşly hünärmen bilen şertnama ABŞ-da, Meksikada we Kanadada geçiriljek 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň ahyryna çenli hereket edýär.

– ABŞ-nyň milli ýygyndysyna goşulmak çözgüdi meniň üçin diňe bir futbol bilen däl, eýsem bu toparyň we ýurduň başdan geçirýän syýahaty bilen baglanyşykly boldy. Bu ýerde energiýa, hyjuw we nämedir bir taryhy zady gazanmak islegi meni ruhlandyrdy. Oýunçylar ýaly şeýle hyjuwy bolan janköýerleriň öňünde ABŞ-nyň erkekler ýygyndysyna tälimçi bolmak mümkinçiligi – bu meniň elden gidirip bilmedik zadym. Men zehini we potensialy bolan oýunçylar toparyny görýärin, bilelikde biz tutuş ýurduň buýsanyp biljek aýratyn bir zadyny dörederis – diýip, Poçettino aýtdy.

Poçettinonyň soňky iş ýeri “Çelsi” bolup, ony 2023/2024 möwsüminiň ahyrynda terk etdi. Şeýle-de, ol “Espanýol”, “Sautgempton’, “Tottenhem” we “PSŽ” toparlaryna tälim berdi. Öň, argentinaly hünärmen hiç haçan milli topara ýolbaşçylyk etmedi.
ABŞ-nyň milli ýygyndysynyň öňki tälimçisi Gregg Berhalterdi, onuň ýolbaşçylygynda amerikan topary Amerikanyň kubogy-2024 ýaryşynda Urugwaý, Panama we Boliwiýa bilen toparçadan çykmady.


düýn 15:58
10k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

düýn 14:40
3.4k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

düýn 13:42
5.1k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

21.06.2026 15:42
8.2k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......