“Dedpul we Rosomaha” bir ýarym aýda $1,3 mlrd gazandy

  • 17.09.2024 11:02
  • 2.6k+

15-nji sentýabrda “Dedpul we Rosomaha” filminiň dünýä prokatynda kassa ýygymy 1,3 mlrd dollardan geçdi. Bu mukdara ýetmek üçin filme iýul aýynyň ahyrynda bolan premýerasyndan bäri bir ýarym aý gerek boldy.

Film “Demir adam 3-den” ($1,2 mlrd) öňe geçip, girdeji ýygymy boýunça kinoälemiň ilkinji ýedi filminiň hataryna girdi. Ondan öňde “Gara Babyr” ($1,33 mlrd) we “Ar alyjylar: Altronyň döwri” ($1,39 mlrd) bar. Iň girdejili filmleriň umumy reýtinginde “Dedpul we Rosomaha” 22-nji orny eýeleýär.
Film R (18+) reýtingli filmleriň arasynda iň girdejilisi boldy we döredijilere uly girdeji getirmegini dowam etdirýär.
Şol bir wagtyň özünde, “Bitljus Bitljus” filmi dünýä prokatynda 264 mln dollar gazandy, şolardan 188 mln dollary ABŞ-nyň paýyna düşýär. Bu görkezijä ýetmek üçin filme bir hepdeden gowrak wagt gerek boldy.
Býujeti 100 mln dollar bolan Tim Býortonyň asyl filminiň dowamy çykdajylary ödemek üçin azyndan 200 mln dollar gazanmalydy. Şeýlelikde, ol döredijilere eýýäm girdeji getirip başlady.


düýn 20:14
1.9k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......