Microsoft iň güýçli kwant superkompýuterini döretmegiň üstünde işleýär

  • 17.09.2024 10:33
  • 1.4k+

Microsoft atomlary dolandyrmak esasynda döredilen, dünýäniň iň güýçli kwant superkompýuteriniň işlenip taýýarlanýandygyny yglan etdi. Bu üstünlik Atom Computing bilen köp ýyllyk hyzmatdaşlygyň netijesi bolar.

Taslamanyň özeni adaty kompýuterlerden has çalt we has takyk maglumatlary saklap we gaýtadan işläp bilýän logiki kubitli arhitekturany ornaşdyrmakdyr.
Kwant hasaplamasy maglumatlary ugurdaş gaýtadan işlemäge mümkinçilik berýär, bu bolsa onuň öndürijiligini ep-esli ýokarlandyrýar. Tehnologiýa häzirki zaman kompýuterlerine eýgertmejek meseleleri çözmäge mümkinçilik berer. Geljekde ulanyp boljak ulgamlary: täze materiallary işläp taýýarlamak, lukmançylyk barlaglary, emeli aň we kriptografiýa.
Microsoft iň az ýalňyşlyklar bilen, sekuntda milliondan gowrak kwant amallaryny (rQOPS) ýerine ýetirip bilýän kompýuter döretmegi maksat edinýär. Bu kwant maşynlaryny hakyky programmalarda ulanmak mümkinçiligini açar. Kompaniýa kwant tehnologiýalarynyň täjirleşdirilmegini ýeňilleşdirip, absolýut noldan ýokary temperaturada işleýän durnukly kubitleri döretmekde eýýäm öňegidişlik gazandy.


17.03.2026 16:47
989

Windows 11-i täze arzan MacBook Neo-da işletmek başartdy

Parallels programma üpjünçiligini işläp düzüjiler wirtual maşyn arkaly Windows 11 operasion ulgamyny arzan MacBook Neo noutbugynda işledip bolýandygyny habar berdi. Olaryň berýän maglumatlaryna görä, «Parallels» programmasy enjama bökdençsiz gurnalýar, wirtual maşynlar bolsa durnukly işleýär...

02.03.2026 11:03
1.6k+

Starlink Microsoft-a internet elýeterliligi boýunça global deňsizligi azaltmaga kömek eder

Microsoft kompaniýasy bütin dünýäde 299 million adamyň internete birikmegini üpjün etdi. Bu ugurdaky başlangyçlary dowam etdirmek üçin korporasiýa Starlink bilen hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşdy diýip, kompaniýanyň resmi blogunda habar berilýär...

20.02.2026 12:27
905

Microsoft we Ericsson PK-larda hemişelik 5G birikmesi üçin tehnologiýalaryny birleşdirýärler

​Microsoft we Ericsson kompaniýalary emeli aň goldawy bolan Windows 11 operasion ulgamly kompýuterlerde 5G tehnologiýalaryny has çuňňur integrasiýa etmek boýunça bilelikde işleýändiklerini yglan etdiler. Täze başlangyç korporatiw noutbuklarda mobil ulgamlary ulanmagy ýönekeýleşdirmäge gönükdirilendir...

17.10.2025 00:39
2.5k+

Microsoft realistik suratlary döredýän täze MAI-Image-1 generatoryny tanady

Microsoft kompaniýasy özüniň emeli aň esasynda işleýän ilkinji şekil generatory — MAI-Image-1 modelini hödürledi. Bu dolulygyna korporasiýanyň içinde işlenip düzülen we tekstdäki düşündirişe görä ýokary hilli, hakykata ýakyn suratlary döretmäge mümkinçilik berýän ulgamdyr...