Türkmenistanyň Gahrymany kosmonawt Oleg Kononenko Ýere dolanmaga taýynlanýar

  • 16.09.2024 19:15
  • 19k+

Türkmenistanyň Gahrymany, “Roskosmos” kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko kärdeşi Nikolaý Çub bilen bilelikde Halkara kosmos stansiýasynda (HKS) missiýa başlamagynyň bir ýyllygyny belledi diýip, TASS habar berýär.

"14-nji sentýabrda missiýanyň başlanyna bir ýyl dolýar" diýip, kosmonawt Çub bilen bilelikde düşen suratyny paýlaşdy.

Meýilnama boýunça, Kononenko 2024-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda "Soýuz MS-25" kosmiki gämisinde Ýere gaýdyp geler. Kosmonawt Ýere dolanansoň, uzak wagtlap kosmosda bolanyndan soň, dynç almak we özüni dürsemek isleýändigini aýtdy.
Kononenko: “Ýere gaýdyp baranymdan soň ilkinji etjek zadym, elbetde, ýatyp ukymy, dynjymy aljak, hiç ýere howlukman, hiç zady gaýgy-alada etmän, ukudan doýjak. Soňra bolsa, adaty durmuş düzgünime mümkin boldugyça çalt dolanyp, bedenimi ýerdäki şertlere uýgunlaşdyrmak isleýärin. Öňem ençe gezek gaýtalap aýdyşym ýaly, Korolýowyň köçelerinde we Moskwada gezelenç edesim gelýär "- diýdi.
Kononenko bilen Çub 2023-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda NASA-nyň astronawty Lorel O'Hara bilen bilelikde "Soýuz MS-24" kosmiki gämisiniň ekipažynyň düzümi bilen orbita çykypdylar. Olaryň gaýdyp gelmegi bilen, HKS-da ylmy barlaglar we synaglar geçirilen bir ýyllyk missiýa tamamlanar.


şu gün 11:02
870

Hytaýly taýkonawtlar kosmos şertlerde ilkinji gezek lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdiler

«Şençžou-23» missiýasynyň ekipažy Hytaýyň «Týangun» orbital stansiýasyna gelenden soň ilkinji gezek mikrodartyş şertlerinde lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdi....

25.06.2026 17:08
10k+

160 kg altyn teňňe ýitdi: Sankt-Peterburgda «asyryň ogurlygy» derňelýär

Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde bankyň saklawhanasyndan altyn maýa goýum teňňeleriniň ogurlandy. Häzir bu jenaýat boýunça uly iş gozgalyp, derňew işleri alnyp barylýar. Derňewiň maglumatlaryna görä, ýiten......

22.06.2026 22:53
6.6k+

DÇ-2026-nyň topy kosmosa-da baryp ýetdi

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi topy bolan Adidas Trionda Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) iberildi....

21.06.2026 23:59
2.1k+

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......