“Emmi-2024” baýragynyň ýeňijileri yglan edildi: “Sýogun” serialy 17 baýrak aldy

  • 16.09.2024 18:57
  • 7.5k+

Los-Anjelesde 76-njy “Emmi-2024” baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. 1949-njy ýylda esaslandyrylan bu baýrak amerikan telewideniýesinde gazanylan üstünlikler üçin berilýär.

Şu ýyl iň köp baýrak alan XVII asyrda feodal Ýaponiýa barada gürrüň berýän “Sýogun” serialy boldy. Bu Jeýms Klawelliň adybir taryhy romanynyň ikinji ekranlaşdyrylmasydyr. Taslamada baş keşbi ýaponiýaly aktýor Hiroýuki Sanada ýerine ýetirdi, ol “Drama serialynda iň gowy aktýor” nominasiýasynda baýraga mynasyp boldy. Umuman alanyňda, serial 17 baýrak, şol sanda iň gowy drama serialy üçin baýrak aldy. Onuň yzyndan 11 baýrak bilen “Aýy” gelýär.

Esasy nominasiýalarda ýeňijileriň sanawy:

  • Iň gowy drama serialy – “Sýogun” (Сегун)
  • Iň gowy komediýa serialy – “Hileler” (Хитрости)
  • Iň gowy mini-serial ýa-da antologiýa – “Sugun çagasy” (“Олененок”)
  • Drama serialynda iň gowy aktýor – Hiroýuki Sanada (“Sýogun”)
  • Drama serialynda iň gowy aktrisa – Anna Sawai (“Sýogun”)
  • Drama serialynda ikinji plandaky iň gowy aktýor – Billi Krudap (“Irdenki şou”, “Утреннее шоу”)
  • Drama serialynda ikinji plandaky iň gowy aktrisa – Elizabet Debiki (“Täç”, “Корона”)
  • Komediýa serialynda iň gowy aktýor – Jeremi Allen Uaýt (“Aýy”, “Медведь”)
  • Komediýa serialynda iň gowy aktrisa – Jin Smart (“Hileler”)
  • Komediýa serialynda ikinji plandaky iň gowy aktýor – Ebon Moss-Bahrah (“Aýy”)
  • Komediýa serialynda ikinji plandaky iň gowy aktrisa – Laýza Kolon-Zaýýas (“Aýy”)
  • Mini-serialda, antologiýada ýa-da telefilmde iň gowy aktýor – Riçard Gadd (“Sugun çagasy”)
  • Mini-serialda, antologiýada ýa-da telefilmde iň gowy aktrisa – Jodi Foster (“Hakyky detektiw”, “Настоящий детектив”)
  • Mini-serialda, antologiýada ýa-da telefilmde ikinji plandaky iň gowy aktýor – Lamorn Morris (“Fargo”)
  • Mini-serialda, antologiýada ýa-da telefilmde iň gowy aktrisa – Jessika Ganning (“Sugun çagasy”)

düýn 20:14
1.9k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......