16-njy sentýabrda Ýerde güýçli magnit hadysasy hasaba alyndy

  • 16.09.2024 13:33
  • 9.2k+

Duşenbe güni, 16-njy sentýabrda güýçli magnit hadysasy başlandy diýip, TASS agentligi "Fobos" howa menziliniň hünärmenlerine salgylanyp habar berýär.

Duşenbe güni 11:00-da (Aşgabat wagty bilen) başlanan gowşak magnit hadysasy öýleden soň 20:00-a çenli G3 derejä çenli güýçlener. 20:00-dan soň gowşap, aram ýagdaýa geler. Ol 17-nji sentýabrda 14:00-a çenli dowam eder, ondan soň Ýeriň geomagnit meýdany asuda ýagdaýyna dolanar.
Geçen hepdede Amaly geofizika institutynda magnit hadysasynyň G3 (güýçli) derejä çenli güýçlenendigi habar berildi. Ýerde geomagnit işjeňligi 12-13-nji sentýabrda hasaba alyndy.


18.04.2026 23:36
3.1k+

2026-njy ýylyň maýynda seýrek duş gelýän goşa dolan Aý hadysasy bolar

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýeriň ýaşaýjylary seýrek duş gelýän hadysany — bir aýyň dowamynda iki gezek dolan Aýyň emele gelmegini synlap biler. Bu barada K.E.Siolkowskiý adyndaky Döwlet kosmonawtika taryhy......

22.03.2026 16:34
4.2k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
5.5k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...

16.03.2026 16:46
8.2k+

Tebigat Ýer şarynyň badyny gowşadýar: gije-gündiziň dowamlylygy uzalýar

Howanyň üýtgemegi Ýeriň aýlanma tizligine täsir edýär we gije-gündiziň dowamlylygynyň artmagyna getirýär. Şeýle netijäni Wena uniwersitetiniň we Sýurih tehnologik institutynyň alymlary öňe sürýär. Olaryň berýän maglumatlaryna görä, häzirki wagtda gije-gündiz her ýüz ýylda, takmynan, 1,33 millisekunt uzalýar...