ispace ýapon kompaniýasy dekabrda Aýa ikinji missiýasyny uçurar. Birinji synanyşyk şowsuz bolupdy

  • 16.09.2024 11:21
  • 2.7k+

Ýaponiýanyň ispace kompaniýasy dekabr aýynda Aýa ikinji missiýasyny uçurar. Bu barada SpaceNews neşiri habar berdi.

Resilience Aý modulyny Floridadaky kosmodromdan SpaceX-iň Falcon 9 raketasynyň kömegi bilen uçurmak meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda Ýaponiýada gonuş enjamynyň synaglary tamamlanýar, ol uçuşdan bir aý-bir ýarym aý öň ABŞ-a iberiler. Kompaniýa Resilience missiýasynyň dekabr aýynda uçurylmak ähtimallygyny 50 göterim diýip belleýär.
ispace üçin bu Aýa gonmak boýunça ikinji synanyşyk bolar. Neşir Resilience modulynyň gurluş taýdan 2023-nji ýylyň 25-nji aprelinde Aýa şowsuz gonan HAKUTO-R modulyny ýada salýandygyny ýazýar. Täze gonuş moduly täzelenen programma üpjünçiligi bilen üpjün edildi. Modulyň özi birinji missiýanyň tejribesini göz öňünde tutmak bilen döredildi. Resilience jemi alty sany peýdaly ýüki göterer. Enjam Aýyň demirgazyk bölegindäki Sowuk deňizde gonmaly.
Şeýle-de, ispace kompaniýasynyň Apex 1.0 ady bilen has uly gonuş modulyny işläp taýýarlaýandygy habar berilýär. Onuň Aýa 2026-njy ýylda “Missiýa 3-üň” çäklerinde uçurylmagyna garaşylýar.


şu gün 10:51
398

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:26
4.5k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......

08.06.2026 16:17
2.6k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

07.06.2026 19:54
2k+

NASA geljekki bazany taýýarlamak üçin Aýa her aýda robotlary iberer

NASA 2027-nji ýyldan başlap, Ýeriň tebigy hemrasynyň günorta polýusynyň töwereginde geljekki bazanyň infrastrukturasyny taýýarlamak üçin Aýa takmynan her aýda uçarmansyz missiýalary geçirmegi meýilleşdirýär....